Günüň başlangyjy işlerde ätiýaçlylygy talap eder. Bu wagt köp Hamallar howlugyp karar bermäge meýilli bolarlar, şonuň üçin hem soňundan düzetmek kyn boljak ýalňyşlyklara ýol bererler. Kärdeşler we ýolbaşçylar bilen düşünişmezliklerden gaça durmak aňsat bolmaz.Bu wagt, aýratyn-da kararlary özbaşdak kabul etmäge endik eden ýyldyzyň wekilleri üçin has-da dartgynly bolup biler.Emma günüň ikinji ýarymy gowy pikirleri, şeýle hem ýakyn geljek üçin meýilleri kesgitlemäge kömek etjek maglumatlary getirer.Ýöne bu wagt hem öz emosional ýagdaýyňyza gözegçilik etmek zerurdyr.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Bu gün Jöwza ýuldyzynyň astynda doglanlar seresap bolmalydyrlar aýratyn-da, töwekgelçilikli taslamalara we şübheli işlere degişli hemme zatda. Ýyldyzlar bu gün size şowlylyga bil baglamaly däldigini, uly şowsuzlyga uçramak howpunyň bardygyny aýdýarlar. Şonuň üçin hem Jöwzalar mümkinçilikler öz-özünden gelýän ýaly görünse-de, bu gün töwekgelçilik etmeseler has gowy bolar. Iň esasy ýoly garaşmak we taslamaňyzy soňa goýmakdyr.Emma günüň ikinji ýarymy hökman şatlykly pursatlary getirer we garaşylmadyk çeşmelerden pul girdejileri bolar. Şeýle hem iş gözleýän Jöwzalar üçin täze mümkinçilikler açylar.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Günüň başlangyjy aňsat bolman biler. Bu wagt öňki käbir köne meseleleriň ýatlamagy we olary çözmek üçin has gyzykly işleriňizi yza süýşürmeli bolmagyňyz gaty ähtimaldyr. Bu köp wagtyňyzy almaz, ýöne üns berilmeli zatlara päsgel berip biler. Käbirlerine siziň maslahatlaryňyz gerek bolar. Emma günüň ikinji ýarymy sizi hökman begendirer. Käbir Seretanlar köne tanyşlary bilen görüşmäge mümkinçiligi bolar we bu alamatyň wekilleri köp gyzykly zatlary öwrenerler. Şeýle hem köne maşgala agzalalyklaryny düzetmek başardar.
Irden käbir ownuk-uşak kynçylyklar ýüze çykyp biler, ýöne olar sebäpli gaty bir alada edip oturmaň. Şu gün pozitiw meýlleriň täsiri agdyklyk eder we ýyldyzlaryň goldawyna bil baglap bilersiňiz. Bu goldaw döredijilikli çemeleşme, hyýal güýji we oýlap tapyjlyk talap edilýän ýerlerde has-da mese-mälim görner.Öň size pes baha berýän adamlar öz pikirlerini üýtgederler. Gaty gysga wagtyň içinde olaryň size gyzykly bir zat hödürlemegi, meselem özleriniň geljegi uly bolan taslamalarynyň üstünde bile işlemäge çagyrmagy gaty ähtimaldyr.Maliýe pudagynda hem pozitiw meylleriň täsiri örän güýçli bolar. Garaşan pul girdejileriňiz gijikmez, artykmaç çykdajylardan bolsa gaça durmak başardar. Käbir Esetler şowly şertnamalary baglaşarlar.Günüň ikinji ýarymynda ýakynlaryňyz üçin siziň goldawyňyz has wajyp bolar. Şeýle hem günüňizi maşgala agzalaryňyz, bilen geçirmäge çalşyň.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Bu gün maliýe meselelerini çözmek we pul serişdelerini dogry dolandyrmak üçin amatly döwürleriň biridir. Sünbüle ýyldyzlarynyň wekilleri maliýe amallarynda we pul bilen baglanyşykly işlerde üstünlik gazanmagy ähtimal.Käbirleri bähbitli şertnamalara gol çekip öz býujetlerini artdyryp bilerler. Şeýle hem köne bergi pullarynyň yza gaýtarylmagy gaty ähtimaldyr. Sünbüleler hatda iň çylşyrymly wezipeleriň we taslamalaryň hötdesinden gysga wagtda gelmegi başararlar. Has-da başgalara kömek etmek, jemgyýete peýda getirmek we adalaty dikeltmek ugrunda zähmet çekýän şahsyýetler ýyldyzlaryň aýratyn goldawyndan peýdalanarlar. Bu gün jemgyýetçilik işlerini alyp barmak, köpçüligiň öňünde çykyş etmek hem-de täze pikirdeşleri we hyzmatdaşlary tapmak üçin örän amatlydyr.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Bu gün dürli häsiýetli adamlar bilen dil tapyşmak we özara düşünişmek ukyby has-da zerur bolar. Hut şu häsiýetiňiz arkaly täze we peýdaly tanyşlyklary ýola goýmak, täsirli şahsyýetleriň goldawyny gazanmak, täze hyzmatdaşlary tapmak hem-de ozal gazanan üstünlikleri bilen size göreldeli bolan adamlar bilen bilelikde işleşmek we ylalaşyk baglaşmak başardar. Bu gün işewürlik esasynda başlanjak gatnaşyklaryň wagtyň geçmegi bilen romantiki häsiýete geçmegi hem gaty ähtimaldyr. Emma, aýratyn-da öz duýgularynyza doly ynamak maslahat berilýär.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Täze taslamalara başlamak ýa-da çeýeligi talap edýän meseleleri çözmek üçin örän amatly wagt. Pikiriňiz dury, analitiki ukybyňyz bolsa ýokary bolar.Bu gün öňe sürjek ideýalaryňyz töwerekdäkileriň ünsüni çeker we uly goldaw tapar. Şeýle hem maslahatlara gulak asyň, ýöne soňky karary özüňiz kabul ediň.Aragatnaşykda we dostlukda gyzyklanma artar. Köp wagtdan bäri görmedik köne dostlaryňyzdan ýa-da uzakdaky ýakynlaryňyzdan ýakymly habarlaryň gelmegi mümkin. Şeýle hem, pikirleriňiz we gyzyklanmalaryňyz bir bolan täze ynamdar adamlar bilen tanyşmak müňkin bolar.Günüň ikinji ýarymynda özüňizi örän gowy we energiýaly duýarsyňyz. Agşamara açyk howada gezelenç etmek ýa-da ylgamak pikiriňizi jemlemäge, günüň dowamynda ýygnanan dartgynlylygy azaltmaga kömek eder.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Gün erbet geçmez, ýöne wakalar siziň garaşyşyňyz ýaly bolman biler. Eger öwrenişen çäkleriňizden çykyp, meýilnamalaryňyza az-kem düzediş girizmäge taýyn bolsaňyz, ýüze çykjak kynçylyklary aňsatlyk bilen ýeňip geçersiňiz. Şeýle hem, ownuk zatlara ünsli bolmak we gyssagly netije çykarmazlyk möhümdir.Köne dostlaryňyzyň we hyzmatdaşlaryňyzyň goldawy bu gün örän peýdaly bolar. Olaryň maslahatlaryna gulak asyň bu sizi bäsdeşleriňiziň ýa-da görip adamlaryň guran duzagyna düşmekden we ýönekeý ýalňyşlyklary goýbermekden gorar.Işewürlikde we aragatnaşykda hüşgär boluň. Bu gün töweregiňizde başgalaryň ukybyny, bilimini we mümkinçiliklerini öz bähbidi üçin ulanmaga çalyşýan adamlar köp bolar. Hakykatdan hem kömege mätäç bolmadyk adamlar üçin öz işleriňizi yza süýşirmäň.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Günüň birinji ýarymy has netijeli we şowly bolar, şonuň üçin wajyp işleriňize ir bilen girişiň. Analitiki ukybyňyz we jikme-jikliklere bolan ünsüňiz ýokary bolar. Ýönekeýjek ýalňyşlyklaryň öňüni almak üçin, aýratyn-da resminamalar we resmi kagyzlar bilen işleşeniňizde örän seresap boluň.Ýakynlaryňyz we dostlaryňyz bilen gatnaşyklarda örän mähirli we düşünişmek durnuklylygy bolar.Günüň ikinji ýarymynda uzakdan ýakymly habarlar ýa-da köp wagtdan bäri görmedik adamlaryňyzdan gyzykly teklipler gelmegi mümkin. Täze hyzmatdaşlyklarda ýa-da adamlara kömek edeniňizde şertleri öňünden anyk gürleşmäge çalyşyň.
Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
