DÜNÝÄ

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Erik Liwniniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistan boýunça bäş ýyllyk strategiýasyny öz içine almak bilen ulgamlaýyn işi ýola goýmaga gönükdirilen tekliplere garadylar.

Şeýle hem söhbetdeşler «ýaşyl» şäherler, suw çeşmeleri, energetika, ulag ýaly ugurlar boýunça döwlet we hususy düzümleriň gatnaşmagynda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän taslamalar babatynda pikir alyşdylar.

Related posts

Türkmenistanyň Mejlisinde Halkara zenanlar güni mynasybetli dabara geçirildi

2025-nji ýylyň 8 aýy: Türkmenistanyň Kanunlarynyň 15-si kabul edildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Malaziýanyň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi