Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynda saparda bolan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurganguly Berdimuhamedow Windzor galasynda Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Elçin Guliýew bilen duşuşdy.
Ol Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize mähirli salamyny ýetirdi we dostlukly ýurduň döwlet Baştutanynyň ýörite sowgatlaryny gowşurdy. Gahryman Arkadagymyz minnetdarlygyny bildirip, Prezident Ilham Aliýewe hoşniýetli sözlerini beýan etdi.
Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde Azerbaýjan Respublikasynyň atly ýigitleriniň görkezme çykyşlaryna tomaşa etdi. Häzirki wagtda dünýäde atlar bilen bagly dürli çärelere uly gyzyklanma bildirilýär. Atlar bilen ýigitleriň bilelikdäki sazlaşykly hereketleri tomaşaçylarda ýakymly täsirleri döredýär.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2007-nji ýylda döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary hem dünýäde uly meşhurlyga eýedir. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda bu topar ýurdumyzda hem-de dürli ýurtlarda üstünlikli çykyş edýär. Diýarymyzda at çapyşyklaryna, atly sporta, atlar bilen bagly dürli görkezme çykyşlaryna uly ähmiýet berilýär. Bu babatda atşynaslarymyz tejribe toplamak bilen, yzygiderli kämilleşýärler.
