Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça 19-20-nji maýda Hytaý Halk Respublikasyna resmi sapar bilen barar.
Kremliň metbugat gullugynyň beren habaryna görä, Russiýanyň lideriniň bu sapary döwletara gatnaşyklaryň düýbüni tutan goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk baradaky şertnama gol çekilmeginiň 25 ýyllygyna gabatlanýar.
«Wladimir Putin we Si Szinpin ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy meselelerini, Russiýa Federasiýasy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy we strategik özara hereketleri has-da çuňlaşdyrmagyň ýollaryny maslahatlaşarlar hem-de esasy halkara we sebitara meseleleri boýunça pikir alşarlar. Döwlet baştutanlary şonuň bilen birlikde, Russiýanyň we Hytaýyň bilim ýyllarynyň (2026-2027 ýý.) açylyş dabarasyna gatnaşarlar» diýlip metbugat gullugy tarapyndan bellenilip geçilýär.
Liderleriň gepleşikleriniň jemleri boýunça «ýokary derejedäki bilelikdäki beýanata we birnäçe ikitaraplaýyn hökümetara, pudagara hem-de beýleki resminamalara gol çekilmegine garaşylýar» diýlip habarda nygtalýar.
«Saparyň maksatnamasynda KHR-niň Döwlet geňeşiniň premýeri Li Sýan bilen duşuşyk hem göz öňünde tutulyp, onuň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi barada maslahatlaşyk geçiriler» diýlip Kremliň metbugat gullugynyň beýanatynda bellenilýär.
Mälim bolşy ýaly, golaýda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Hytaýda döwlet saparynda boldy.
