DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň arasynda hyzmatdaşlyk ähtnamasyna gol çekildi

Azerbaýjanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Konfederasiýasynda (AHİK) Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Konfederasiýanyň başlygy Sahib Mämedow Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada durup geçip, döwlet Baştutanlarynyň tagallasy netijesinde ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarylandygyny nygtady. Ol munuň iki ýurduň kärdeşler arkalaşyklarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikler döredýändigini belledi. Soňky ýyllarda bu gatnaşyklar has-da giňeldi, özara saparlar amala aşyryldy.

Duşuşykda AHİK tarapyndan zähmet hukuklarynyň ygtybarly gorulmagy, agzalara edilýän hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagy we innowasion çemeleşmeleriň ornaşdyrylmagy ugrunda edilýän işler, ýollanma ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy, şypahana-dynç alyş hyzmatlarynyň dörebaplaşdyrylmagy barada giňişleýin maglumat berildi. Bu başlangyçlaryň kärdeşler arkalaşyklary ulgamynda netijeliligi ýokarlandyrmaga hyzmat edýändigi bellenildi.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy Oguljennet Berdiliýewa kärdeşler arkalaşyklarynyň işi, zähmet hukuklarynyň goralmagy we kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň durmuş goraglylygy babatda alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi hem-de Azerbaýjan kärdeşler arkalaşyklary bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda Azerbaýjan Kärdeşler arkalaşyklarynyň Konfederasiýasy bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň arasynda Hyzmatdaşlyk Ähtnamasyna gol çekildi. Resminama iki guramanyň arasyndaky gatnaşyklaryň institusional esasda ösdürilmegini, bilelikdäki başlangyçlaryň we taslamalaryň goldanylmagyny, şeýle hem özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini göz öňünde tutýar.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti AHİK-iň “Kurort” syýahatçylyk maglumat merkeziniň, Zähmeti goramak we hukuk kömegi merkeziniň işi bilen tanyş boldy. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň wekilleri şeýle-de “Güneşli” we “Abşeron” sagaldyş merkezlerinde, şonuň ýaly-da “Miras” dynç alyş merkezinde bolup, bu ýerlerde edilýän hyzmatlar, bejeriş-öňüni alyş çäreleri, infrastruktura we dynç alyş mümkinçilikleri bilen gyzyklandylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň oba hojalyk ministri FAO-nyň sebit maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň ylym, bilim we halkara hyzmatdaşlyk ulgamyndaky wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi

Täjigistan bilen Hytaýyň kompaniýalary 8 milliard dollarlyk 50-den gowrak ylalaşyga gol çekdiler

Türkmenistan bilen Uganda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrýar

Türkmenistanyň žurnalistleri ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň «IVLP» maksatnamasyna gatnaşýarlar

Meredow bilen Saidow Daşkentde geçirilen atçylyk sporty çärelerine ýokar baha berdiler