JEMGYÝET

Türkmenistanda Ýeňiş güni mynasybetli dabaralar geçirildi

Ýurdumyzda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy bellenildi. Şanly sene mynasybetli «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak dabarasy boldy.

Ýurdumyzda Ýeňiş güni nesillerde gaýduwsyzlygy, edermenligi, ynsanperwerligi terbiýeleýän şanly sene hökmünde döwlet derejesinde giňden bellenilip geçilýär. Merdana ata-babalarymyzyň gahrymançylygy Watanymyza, halkymyza we tutuş adamzada ak ýürekden gulluk etmegiň nusgalyk mekdebidir.

Adamzada parahatçylyk we asudalyk ýaly bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklary peşgeş beren weteranlarymyza ýurdumyzda uly hormat goýulýar. Olaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär.

Milli gahrymanlaryny hatyralamak türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däpleriniň biri bolup durýar. Şolaryň arasynda Beýik Watançylyk urşunyň ýowuz söweşlerine gatnaşanlar aýratyn sarpalanylýar. Häzirki döwürde Ýeňiş güni aýratyn dabara bilen bellenilip, ol nesilleriň özara baglanyşygyny, halkymyzyň parahatçylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny we geçmişine goýýan belent sarpasyny alamatlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ildeşlerimize milli gahrymanlarymyz baradaky hakydany gorap saklamagyň we ebedileşdirmegiň mynasyp nusgasyny görkezýär. Döwlet Baştutanymyzyň uruş weteranlaryna, uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak hakynda Permana gol çekmegi merdana pederlerimiziň Watan öňünde bitiren hyzmatlaryna aýratyn hormat goýulýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Ýene-de okaň

Ýaponiýada Türkmenistan üçin talyp haklary mümkinçiliklerini giňeltmek maslahatlaşyldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Kazanda möhüm başlangyçlary öňe sürdi

Aşgabat 2028-nji ýylda yslam dünýäsiniň medeni paýtagty bolup biler

Türkmenistan “Russiýa-Yslam dünýäsi Hyzmatdaşlyk Expo” sergisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy zenanlaryň ikinji Aziýa forumyna gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Kazanda YHG-nyň medeniýet ministrleriniň maslahatyna gatnaşdy