Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
Gutlag hatynda şeýle diýilýär:
– Sizi we Türkmenistanyň doganlyk halkyny Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. 9-njy maý biziň halklarymyzyň deňi-taýy bolmadyk gahrymançylygynyň, edermenliginiň we pidakärliginiň nyşany hökmünde taryha giren umumy baýramçylygydyr. Esgerleriň we tylda zähmet çekenleriň faşizme garşy göreşde görkezen edermenligi, gaýduwsyzlygy nesilleriň kalbynda baky galjak taryhy Ýeňşiň kepili boldy. Biz ýerini dolup bolmajak ýitgiler bilen öz Watanynyň azatlygyny goran ähli gahrymanlary çuňňur sarpa bilen ýatlaýarys. Ýowuz synaglarda taplanan dostluk we özara goldaw bermek däpleriniň Azerbaýjan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek hem-de pugtalandyrmak üçin berk binýat bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn.
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, bu baýram gününde Size, ähli uruş weteranlaryna hem-de tylda zähmet çekenlere, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw edýärin!
