Daş-töweregiňizdäkiler siz bilen ylalaşmaga elmydama taýyn bolmazlar, şonuň üçin aragatnaşyk sizden sabyrlylygy talap eder. Hatda jedelli pursatlarda-da hoşniýetligi saklamagyň möhümdigini ýatdan çykarmaly dälsiňiz, bu çynlakaý düşünişmezliklerden we uzak dowam edýän öýke-kinelerden gaça durmaga kömek eder.Şeýle hem siz köp işleriňizde üstünlik gazanyp bilersiňiz, başgalaryň başarmadyk işleriniň hötdesinden gelmäge ajaýyp mümkinçilik dörär. Bu esasan siziň maksada okunlylygyňyz bilen bagly bolar. Eger bir zat dessine başa barmasa, siz yza çekilmärsiňiz, ýoluňyzda päsgelçilik dörese ony ýeňip geçmegiň ugruny taparsyňyz. Eger ünsüňizi jemleseňiz, köp wagtlap başa barmadyk işleriňiziň hötdesinden gelersiňiz.
Daş-töweregiňizdekiler siziň haýyşlaryňyza höwes bilen jogap bererler we hatda meýilnamalaryňyzy hem goldarlar. Ýakynlaryňyz hem size peýdaly maslahatlary bererler.Şeýle hem bu gün maksatlaryňyza ýetmek üçin ajaýyp müňkünçilikler bolar.Ozal başlanan ähli işleriňizi öz wagtynda tamamlamak başardar, täze taslamalar bolsa şowly başlangyç alar. Bu wagt aýratyn-da seresaplylygy we jikme-jikliklere üns bermegi talap edýän işler üçin örän amatlydyr. Şeýle-de, Sowurlar seljeriş ukyplaryny, faktlary deňeşdirip, netije çykarmagy talap edýän ýagdaýlarda uly başarnyk görkezerler. Günüň ikinji ýarymynda ýyldyzlar size ýakymly garaşylmadyk sowgatlar berer.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Şu anna güni size üýtgeşik duşuşyklar we ýakymly tanyşlyklar garaşýar. Örän gyzykly adamlar bilen aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik dörär.Şeýle hem dostlukly ýa-da romantik gatnaşyklaryň başlamagy mümkin.Täze tanyşlaryňyzyň paýlaşjak pikirleri sizi ruhlandyrar. Köp Jöwzalar endik eden işlerini yza süýşürip, düýbünden başga bir işe girişmäge taýýardyklaryny duýarlar.Günüň ikinji ýarymynda maliýe ýagdaýyňyz gowlanar we pul girdejileriniň gelmegine we peýdaly şertnamalaryň baglaşylmagyna garaşylýar. Diňe howlukman, netije çykarmagy we her bir teklibi içgin seljermegi ýatdan çykarmaly dälsiňiz.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Bu gün dawa-jenjel edýänleri ýaraşdyrmaly we täze gatnaşyklary ýola goýmaly bolarsyňyz. Ozal dartgynly we çylşyrymly bolan gatnaşyklar has durnukly we düşnükli bolar. Daş-töweregiňizdekiler adatdakysyndan has ýygy-ýygydan size maslahat we goldaw üçin ýüz tutarlar, siziň kömek etmäge taýynlygyňyz bolsa ünsden düşmez. Hut şu häsiýetiňiz arkaly täze hyzmatdaşlary tapmagyňyz hem mümkindir.Şeýle hem işlemek üçin ajaýyp gün. Nämelere ukyplydygyňyzy görkezmäge taýar boluň.Siziň işewürlik ukyplaryňyz ünsden düşmez we bu gün ozal size pes baha beren adamlaryň hem ünsüni çekmegiňiz gaty ähtimaldyr. Mümkin, hut şol adamlaryň özi ýakyn wagtda siziň iň ygtybarly hyzmatdaşlaryňyz bolar. Kärdeşleriňizi we hyzmatdaşlaryňyzy ruhlandyrmak ukybyňyz sizi islendik taslamanyň gymmatly gatnaşyjysyna öwrer. Köpler siziň bilen iş salyşmaga şat bolarlar.
Gün ýakymly habarlary wada berýär. Ähtimal, siz olary ýakyn adamlaryňyzyň birinden alarsyňyz. Bu täzelikleriň uzak wagtlap dartgynly bolan we köp biynalyk getiren gatnaşyklaryň gowulyga tarap üýtgemegine başlangyç bolmagy mümkindir. Köne tanyşlaryňyz köp meselede size goldaw bermäge taýyn bolarlar, şonuň üçin çekinmän olara haýyş bilen ýüz tutup bilersiňiz.Eger hünär derejesinde üstünlik gazanmak isleýän bolsaňyz, dessine çynlakaýlyga ýüzleniň. Bu gün ýeňilkellelikden gaça durmak we islendik borçnamany ýerine ýetirmäge çynlakaý çemeleşmek örän möhümdir. Siziň tagallalaryňyz öz miwesini berer. Käbir Esetlere girdejileriniň çalt ösmegini wada berýän teklipleri alyp bilerler. Mundan başga-da, siziň işe bolan çemeleşmäňiz köpleriň göwnünden turar we täze hyzmatdaşlary tapmagyňyz gaty ähtimaldyr.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Işde-de, ýakynlaryňyz bilen aragatnaşykda-da ownuk jikme-jikliklere üns bermek ukybyňyz örän peýdaly bolar. Mysal üçin, siz ýakynlaryňyzyň ruhy ýagdaýyndaky ujypsyzja üýtgeşmeleri hem aňsatlyk bilen duýarsyňyz we olara öz wagtynda goldaw berip bilersiňiz.Özgelere bolan ak ýürekli gyzyklanmaňyz we diňlemegi başarmagyňyz işdäki düşünişmezlikleriň öňüni almaga, eger gapma-garşylyklar ýüze çyksa, kärdeşleriňiz ýa-da hyzmatdaşlaryňyz bilen çalt ylalaşmaga kömek eder.Hünär taýdan bu gün örän amatlydyr. Siz ýeke özüňiz hereket edeniňizde-de uly netijeleri gazanyp bilersiňiz. Täze, synag usullaryny ulanmakdan gorkmaň olar örän täsirli bolar.
Bu gün täze we çylşyrymly wezipeler ýüze çykyp biler. Üstünlik gazanmak üçin tutanýerlilik we tagallalaryňyz dessine miwe bermese-de, netije üçin işlemäge taýynlyk talap ediler. Güne seresaplylygy we jikme-jikliklere ünsüňizi talap edýän işler bilen başlamak has gowudyr; soňra bolsa hyýalyňyza giň ýol berýän has döredijilikli işlere geçip bilersiňiz.Günüň ikinji ýarymynda täze romantik gyzyklanmalar mümkindir kabir Mizanlar söýgüli ýarlaryna duşup bilerler.
Siziň özüne çekijiligiňiz bu gün aýratyn täsirli bolar. Daş-töweregiňizdekiler aragatnaşykda özleri başlangyç görkezerler we siz peýdaly gatnaşyklary ýola goýmagy, ygtybarly hyzmatdaşlary ýa-da hakyky dostlary tapmagy aňsatlyk bilen başararsyňyz. Diňe öz kalbyňyzyň sesine gulak salmak we ruhy taýdan hem-de durmuş gymmatlyklary boýunça size hakykatdan hem ýakyn bolanlary saýlamak möhümdir.Işde başlangyç görkeziň. Bu çalt miwesini berer aýratyn-da gelýän ähli maglumatlara üns berseňiz. Örän peýdaly bir zady öwrenmek mümkinçiligi günüň ikinji ýarymynda dörär. Alnan maglumatlar arkaly wezipäňiziň çalt ýokarlanmagy ýa-da täze girdeji çeşmesini tapmagyňyz gaty ähtimaldyr.Maliýe ýagdaýy amatly bolar. Az-kem pul girdejileriniň gelmegi mümkin, garaşylmadyk çykdajylardan bolsa gorkmasanyz hem bolar.
Bu günüň iň ýakymly garaşylmadyk sowgady örän köp bolar. Iş ýeriňizde düýpli üýtgeşmeleriň bolmagy gaty ähtimal däl. Emma örän uly höwes bilen girişjek birnäçe gyzykly wezipeleriňiz ýüze çykyp biler. Täze bir zatlary öwrenmäge başlamagyňyz ýa-da tiz wagtda peýdaly boljak maglumatlary almagyňyz hem ähtimaldyr. Käbir Kowuslar ozal özlerine örän çylşyrymly bolup görünen meseleleriň jikme-jikligine düşünerler we dessine özlerine bolan ynamy artar.Günüň başlangyç bölegi işewürlik gatnaşyklary üçin amatlydyr, emma günüň ikinji ýarymynda aragatnaşykda seresaplylyk görkezmek maslahat berilýär. Size şübheli adamlar ýüz tutup bilerler, şonuň üçin hemmelere ynanmak dogry bolmaz. Aşa gyzykly we özüne çekiji teklipleri içgin barlamaga ýaltanmaň.Agşam bolsa size täze güýç-kuwwat berjek gyzyklanmalaryňyza ýa-da döredijilige sarp etmek maslahat berilýär.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Bu anna güni şahsy gatnaşyklarda başlangyç görkezmek islegiňiz dörär we munuň üçin gün örän amatlydyr. Kalbyňyzyň sesi size ýakyn adamlaryňyzy nähili begendirip boljakdygyny we gündelik durmuşyňyza nädip birneme romantika goşup boljakdygyny görkezer. Maşgala agzalaryňyzdan hoş habarlaryň gelmegi ýa-da göni size degişli bolmasa-da, keýpiňizi göterjek ýakymly wakalaryň bolmagy mümkindir.Irden köp Jediler üçin hünär derejesinde üstünlik gazanmaga uly mümkinçilikler dörär. Siz wagtyňyzy biderek sarp etmän, islendik adamyň girişip bilmejek çylşyrymly wezipelerini çözmäge batyrgaýlyk bilen girişersiňiz.Wagt geçdigiçe hakyky dostluga öwrülip biljek işewürlik gatnaşyklarynyň başlamagy ähtimaldyr. Käbir Jediler bolsa pikirdeşlerini taparlar we tiz wagtdan olar bilen bilelikde örän geljegi uly we ruhlandyryjy taslamany durmuşa geçirip başlarlar.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Öý işlerine üns bermek, öz rahatlygyňyz barada alada etmek hem-de özüňiziň we ýakynlaryňyzyň durmuşyny nädip ýeňilleşdirip boljakdygy barada oýlanmak bähbitli bolar. Käbir gündelik durmuş meselelerini çözmeli bolmagyňyz hem ähtimaldyr. Munuň bilen ýeke özüňiz meşgullanmak hökman däl, maşgala agzalaryňyz bilen birleşmek has gowudyr. Umumy işler gatnaşyklary berkitmäge kömek eder. Mundan başga-da, bilelikde işlemek has hezil bolar.Günüň ikinji ýarymynda gyzykly syýahatlar mümkindir. Olar size gündelik aladalardan birneme daşlaşmaga mümkinçilik berer we keýpiňizi göterer. Käbir Hutlar bolsa ýolda örän ýakymly tanyşlyklar garaşýar.
Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
