Bişkekde Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew bilen Seýşel Adalary Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Foruň arasynda duşuşyk geçirildi.
Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy dialogy ösdürmek, şertnamalaýyn-hukuk binýadyny giňeltmek hem-de söwda-ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy, şol sanda oba hojalygy, syýahatçylyk, bilim we sanly dolandyryş ulgamlaryny berkitmek, şeýle hem durnukly ösüş we klimat meseleleri boýunça özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.
Bu saparyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda Seýşel Adalarynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Gyrgyz Respublikasyna amala aşyran ilkinji saparydygy bellenildi.
Duşuşygyň netijeleri boýunça Gyrgyz Respublikasynyň we Seýşel Adalary Respublikasynyň raýatlary üçin gysga möhletli saparlar üçin wiza talaplaryndan boşatmak hakyndaky Ylalaşyga gol çekildi.
Saparyň çäklerinde şeýle hem ýokary we iň ýokary derejelerdäki duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
