Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi. bu barada Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Aziýa ösüş bankynyň (AÖB) Dolandyryjylar geňeşiniň 59-njy ýyllyk maslahatynyň resmi açylyş dabarasynda mälim etdi.
Onuň bellemegine görä, dünýädäki durnuksyzlyk şertlerinde millionlarça syýahatçy howpsuz ugurlary gözleýär. “Merkezi Aziýa medeni, gastronomiýa, etnografiýa, ekstremal we lukmançylyk syýahatçylygy ýaly ugurlarda ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. Biz bu ulgama aýratyn üns berýäris we zerur bolan infrastruktura, hyzmat, wiza we ulag üpjünçiligini, ilkinji nobatda bolsa, syýahatçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen birnäçe özgertmeleri amala aşyrdyk” diýip, Mirziýoýew belledi.
Döwlet Baştutany 10 ýylyň içinde Özbegistana gelýän daşary ýurtly syýahatçylaryň akymynyň 6 esse artyp, ýylda 12 million adama ýetendigini aýtdy.

“Sebitiň ýurtlaryny birleşdirýän syýahatçylyk giňişligini — Merkezi Aziýanyň syýahatçylyk halkasyny döretmek baradaky başlangyjy öňe sürmek bilen, biz goşny döwletleri, Aziýa ösüş bankyny we beýleki hyzmatdaşlarymyzy syýahatçylygy ösdürmek boýunça taslamalar bukjasyny emele getirmäge we olary bilelikde maliýeleşdirmäge çagyrýarys” diýip, Mirziýoýew belläp geçdi.
Bäş günlük sammite 100-den gowrak ýurduň wekilleri, şol sanda Aziýa Ösüş Bankynyň, Bütindünýä Bankynyň, Halkara Pul Gaznasynyň, Aziýa Infrastruktura Maýa Goýum Bankynyň we beýleki edaralaryň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem daşary ýurt hökümetleriniň takmynan 2000 wekili, öňdebaryjy halkara kompaniýalarynyň we banklarynyň, köpmilletli korporasiýalaryň ýokary derejeli ýolbaşçylary we abraýly bilermenler gatnaşýar.
