SPORT

Agyr atletika dünýä çempionatynda Türkmenistana 9 türgen wekilçilik eder

Müsüriň Ismailiýa şäherinde badalga alýan agyr atletika boýunça 2026-njy ýylyň ýetginjekleriň dünýä çempionatynda Türkmenistana dokuz türgen wekilçilik eder. Halkara agyr atletika federasiýasynyň (IWF) habar bermegine görä, ýaryşyň zenanlar bölüminde bäş gyz, erkekler bölüminde bolsa dört erkek türgen çykyş eder.

Zenanlar toparymyzyň düzüminde medallar ugrunda Ogulşat Amanowa we Şabnam Kerimbaýewa (53 kg çenli agram), Medine Amanowa (63 kg çenli), Asal Kerimbaýewa (77 kg çenli) hem-de Anamjan Rustamowa (86 kg çenli) göreşer.

Erkekler ýygyndy toparymyzyň düzüminde bolsa Didarbek Jumabaýew (79 kg çenli), Yslam Akmyradow (94 kg çenli), Süleýman Jafarow (110 kg çenli) we Saparbaý Atajanow (110 kg-dan ýokary) Müsüriň pälwanlar meýdançasyna çykarlar.

Geçen ýyl Perunyň Lima şäherinde geçirilen ýetginjekleriň dünýä çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndysy iki sany altyn medal bilen toparlaýyn hasapda 14-nji orny eýeläpdi. Şol ýokary derejeli altyn medallary 87 kg çenli agram derejesinde silterläp götermekde (141 kg) we iki görnüşiň jeminde (249 kg) Anamjan Rustamowa gazanypdy.

Ýene-de okaň

Infantino täzeden FIFA-nyň ýolbaşçylygyna dalaş edýär

Infantino: Eýran futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar

Ronaldo “Al-Nasr” bilen çempionlyga barýar

Tedesko “Fenerbahçe” toparynyň tälimçiliginden boşadyldy

“Akylly” şäherde futbol bäsleşigi

Saud topary Aziýanyň Çempionlar ligasynyň çempiony boldy