Türkmenistanyň wekiliýeti Beýik Britaniýanyň paýtagty London şäherinde ýurduň Patyşa maşgalasy tarapyndan geçirilýän Windzor halkara atly oýunlaryna we at ýaryşlaryna gatnaşar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berdi.
“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, wise-premýer şu ýylyň maý aýynda geçiriljek halkara çäreler barada hasabat berdi.
Hasabata görä, London şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Windzor halkara atly oýunlara we at ýaryşlaryna türkmen wekiliýetiniň gatnaşdyrylmagy göz öňünde tutulýar.
Bu agzalan çäreleriň çäklerinde ahalteke atlaryna we türkmen atşynaslyk däplerine bagyşlanan serginiň geçirilmegi boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Mälim bolşy ýaly, bu atly oýunlaryň we at ýaryşlarynyň ahalteke bedewlerine bagyşlanan şanly ýylda geçirlmegi many-mazmun taýdan örän ähmiýetli we möhümdir.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu ýylyň 16-17-nji maýynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň London şäherine boljak iş saparyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
