Türkmenistan bilen Pakistan iki ýurduň arasynda göni howa gatnawyny ýola goýmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Annaýew bilen Pakistanyň Türkmenistandaky ilçisi Farýal Legariniň arasynda geçirilen duşuşykda bellenilip geçildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmegiň we bilelikdäki infrastruktura taslamalary öňe sürmegiň zerurdygyny nygtadylar. Bu barada Pakistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.
Aýratynlykda, Pakistany Merkezi Aziýa döwletleri bilen Türkmenistanyň üsti arkaly birleşdirýän awtomobil we demir ýol ugurlaryny döretmegiň mümkinçilikleri, şeýle hem Türkmenistanyň we Eýranyň üsti bilen demir ýol geçelgelerini ulanyp, söwdany giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar şeýle hem ýokary derejeli saparyň öňüsyrasynda söwda şertnamalaryny taýýarlamakda ýakyn hyzmatdaşlygy alyp barmak barada ylalaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda Batyr Annaýew bilen Farýl Legarini gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda bilelikde işlemäge taýýardyklaryny tassykladylar.
