DÜNÝÄ

“C5+1” formatda täze hyzmatdaşlyk ugry dörediler

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýewiň Ysraýylyň DIM-niň baş direktorynyň orunbasary, Ýewro-Aziýa we Balkan ýurtlary Departamentiniň müdiri Geri Koren bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Gepleşigiň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ysraýyl döwletiniň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň barşynda “C5+1” formatda Merkezi Aziýanyň döwletleri bilen Ysraýyl döwletiniň arasynda hyzmatdaşlygyň usullaryny döretmek meselesine aýratyn üns berildi. Taraplar bu mesele boýunça pikir alyşdylar we agzalan formatyň çäklerinde potensial ugurly gatnaşyklar barada öz garaýyşlaryny beýan etdiler.

Diplomatlar şeýle-de ylym-bilim, lukmançylyk we saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça ikitaraplalaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, ministriň orunbasarlary derejesinde yzygiderli syýasy maslahatlaşmalary we iki döwletiň degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri derejelerinde duşuşyklary geçirmegiň ähmiýetini bellediler.

 

“TRT” teleýaýlymyndan Aşgabadyň waspyna goşant

Related posts

Türkmen deputatlary Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy bilen duşuşdy

Reý Kursweýle görä asyryň tehnologik çaklamalary

vepa

Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri