SPORT

Türkmen tälimçisi Berdiýewe täze wezipä

Türkmenistanly tälimçisi Gurban Berdiýew Gazagystanyň “Kaýrat” futbol toparynyň Gözegçilik geňeşiniň başlygynyň geňeşçisi wezipesine bellendi. T.S.Segizbaýew adyndaky akademiýada Gurban Berdiýew toparyň düzümi bilen tanyşdyryldy. Bu barada gazak toparynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Tejribeli hünärmen 3 ugurda iş alyp barar: toparyň esasy düzüminiň işine, toparyň akademiýasynyň işine hem-de “Kaýrat” Moskwa taslamasyna maslahat bermekden ybarat.

Tälimçi işini iki görnüşde alyp barar. Ol yyzgiderli Almaty şäherine gelip, bu ýerde okuw maslahatlaryny guranar, şeýle hem uzak aralykdan dürli çäreleri alyp barar.

Türkmen tälimçisi gazak toparynyň akademiýasynyň tälimçi düzümi bilen ilkinji duşuşygyny geçirdi we 14 hem-de 15 ýaşyndaky toparlaryň türgenleşik işlerine seljerme geçirdiler.

Gurban Berdiýew 1991-1993-nji hem-de 1994-1995-nji ýyllarda “Kaýrat” toparyna tälimçilik edipdi. Şeýle hem ol Russiýanyň “Rubin” hem-de “Rostow” toparlaryna tälim berip, “Rubin” topary bilen birnäçe kuboklary gazanyp, Russiýanyň çempiony bolupdy.

 

Zidan hem tälimçiligi taşlady

 

Related posts

Türkmen türgenleri 10 aýda 538 medal gazandy

10-njy gezek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan gruzin türgeniň rekordy

Ata Watan Eserleri

Ýewro-2020: rekordlar we sanlar