Arkadag şäheri — «akylly» çözgütleriň, döwrebaplygyň we bagtyýar ýaşlygyň mekany. Bu şäherde ýaşlaryň beden we ruhy taýdan kämil nesiller bolup ýetişmegi babatda-da yzygiderli tagalla edilýär. Ýakynda bu ýerde «Mekdepler futbol bilen birleşýär, dostluk bilen güýçlenýär!» atly şygar astynda geçirilen futbol bäsleşiginiň ýapylyş dabarasy hem-de sport festiwaly munuň aýdyň güwäsine öwrüldi.
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň «Futbol mekdepler üçin» maksatnamasyna laýyklykda, Arkadag şäheriniň Bilim müdirliginiň, Bedenterbiýe we sport müdirliginiň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen bäsleşik hakyky sport baýramyna öwrüldi. Şäherdäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň sport meýdançasynda ýaýbaňlandyrylan dabaralar şatlyk-şowhuna beslendi.
Bütindünýä saglyk gününiň giň gerimde dabaralandyrylýan aprel aýyna aýratyn many-mazmun çaýan bu ýaryş diňe bir sport bäsleşigi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ýetginjekleriň arasynda dostlugy, jebisligi pugtalandyrmakda, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy berkitmekde hem möhüm ähmiýete eýe boldy. Bäsleşigiň netijeleri boýunça Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň okuwçylary meýdançada görkezen ussatlyklary netijesinde ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijäni gazanyp, ýeňiji bolmagy başardylar. Mundan başga-da, ýaş derejeleri we şahsy görkezijileri bilen tapawutlanan toparlar hem-de oýunçylar degişli orunlara mynasyp boldular. Ýeňiji bolan ýaş türgenlere kuboklar hem-de ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Çärä «Arkadag» futbol klubunyň meşhur oýunçylarynyň gatnaşmagy dabaralaryň täsirliligini has-da artdyrdy. Nusga alýan ussatlary bilen bir meýdançada bolmak, olaryň maslahatlaryny diňlemek ýaş türgenleriň sporta bolan höwesini has-da artdyrdy.
