BIZNES

Ministr: häzirki ýagdaýlar-täze energiýa ugurlaryny kemala getirmek üçin pursatdyr

Köp ýyllaryň dowamynda biz türkmen gazyny Hazar deňziniň üsti bilen Türkiýä, soňra bolsa Ýewropa daşamak üçin turba geçirijisiniň gurluşygyny ara alyp maslahatlaşýarys. Biz muny hökman ýerine ýetirmelidiris.

Azerbaýjanyň “Azertaj” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu barada Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar aýtdy.

Ol häzirki wagtda emele gelen ýagdaýlary «energiýa serişdelerini ibermegiň täze ugurlaryny kemala getirmek üçin pursat» diýip atlandyrdy we munuň Türkiýäni energetika merkezine öwrülmek maksadyna ýakynlaşdyrýandygyny belledi.

Energetika ministrliginiň ýolbaşçysy «Yrak-Türkiýe» nebit geçirijisini Basra port şäherine çenli uzatmak baradaky başlangyjy belläp geçdi: «Mundan başga-da, Ankara Katardan Türkiýä gaz geçirijisiniň gurulmagyny goldaýar. Biz bu taslamany hem ähmiýetli hasaplaýarys».

Ministr ýurtlaryň arasynda elektrik energiýasyny geçirmek bilen bagly taslamalara hem ünsi çekdi.

Ol geçen ýylyň aprel aýynda Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Türkiýäniň we Bolgariýanyň ekologiýa taýdan arassa energiýany geçirmek we söwdasyny etmek üçin «Ýaşyl energiýa geçelgesini» döretmäge gönükdirilen özara düşünişmek baradaky ähtnama Bakuda gol çekendiklerini ýatlatdy.

«Bakuda gazanylan ylalaşyk netijesinde, biz Azerbaýjanda öndürilýän “ýaşyl” energiýanyň Ýewropa daşalmagyny üpjün ederis. Şeýle hem sebit ýurtlarynyň gatnaşmagynda Saud Arabystanyndan Türkiýe ugruna birleşdirilen elektrik geçiriji liniýasynyň üstünde işleýäris» diýip, Alparslan. Baýraktar habar berdi.

Ýene-de okaň

Baýramalydaky dokma toplumynda ýüň ýüplügini öndürmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda oba hojalyk öndürijilerine maliýe goldawy berler

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» atly XXXI halkara maslahatyna we sergisine gatnaşjaklar hasaba alnyp başlandy

Russiýa bilen Türkmenistan gara metallaryň önümçiliginiň üstünde işleýärler

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Russiýa” senagat ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmen telekeçileriniň London şäherine iş sapary guralar