Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Bu gün  öň kynçylyklara duçar bolan Hamallar ýagdaýy gowulaşdyrmak üçin näme etmelidigine düşünip başlarlar. Ýöne oňyn täsirleriň kem-kemden güýçlenjekdigine taýyn boluň, ähli zady birbada amala aşyrmak aňsat bolmaz. Esasy zat  niýetleriňizden ýüz öwürmäň. Eger-de siz erjel we tutanýerli bolsaňyz, ähli zat başarsyňyz.Günüň ikinji ýarymynda  hoş habarlaryň  gelmegi mümkin. Olar diňe keýpiňizi götermän, eýsem täze pikirlenmelere hem ýol açar. Öň adaty ýaly görünýän zatlara başgaça garaýyş bilen seredip bilersiňiz.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Bu gün paýhasly bolup, asudalygy saklasaňyz üstünlikli geçer. Öz mümkinçilikleriňizi dogry bahalandyrmak möhümdir. Sabyrly boluň, ädimme-ädim öňe gidiň  netijeler garaşyşyňyzdan hem gowy bolar.Şeýle hme maliýe taýdan bu gün örän amatly däl. Pul bilen bagly resminamalarda seresap boluň, uly satyn alyşlary ýa-da şertnamalary  soňa  goýuň. Karz almak hem maslahat berilmeýär.Şahsy gatnaşyklarda bolsa ýagdaý oňyn bolar. Ýakynlaryňyz bilen aňsat dil tapyşarsyňyz. Täze tanyşlyklar hem bolup biler, olaryň biri söýgä öwrülmegi mümkin.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Bu gün uly ýeňişler bolmasa-da, özüňizi rahat we ynamly duýarsyňyz. Işde häzirki meseleler bilen meşgullanyň we dartgynly gürrüňlerden gaça duruň.Günüň dowamynda dostlaryňyz bilen duşuşmaga mümkinçilik taparsyňyz. Bu duşuşyk size güýç we ylham berer. Ýalňyzlyk duýanlar üçin täze tanyşlyklar garaşylýar.Günüň ikinji ýarysy maşgala gezelençleri üçin amatlydyr. Bu gatnaşyklaryňyzy has-da berkitmäge kömek eder.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Işler garaşyşyňyzdan köp bolar, ýöne mümkinçilikler hem artar. Şeýle hem karýera ösüşine ymtylýan Seretanlar  üçin örän amatly gün.Esasy zatlary saýlap bilmek sizi beýlekilerden öňe çykarar. Öň size ynanmaýanlar hem pikirlerini üýtgederler.Ýöne başga adamlara kömek etmezden öň, öz bähbidiňizi pikir ediň. Käbirleri siziň ýagşylygyňyzdan peýdalanmaga synanyşyp biler.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Siziň ynamyňyz we gaýduwsyzlygyňyz kyn ýagdaýlardan hem baş alyp çykmaga kömek eder.Şeýle hem täze usullary synap görmekden gorkmaň.Günüň ortasy möhüm gepleşikler üçin amatly bolar. Köne dostlaryňyz  peýdaly maslahatlar berip biler.Ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklarda näzik boluň. Olaryň duýgularyna hormat goýuň.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Bu gün Sünbülelerden  sabyrly bolmagy talap edýär. Irden kynçylyklar ýüze çykyp biler, ýöne siz olary ýeňip geçersiňiz.Daş-töweregiňizdäki wakalary seljermek ukybyňyz size dogry kararlary bermäge kömek eder. Eger öňden bäri çözülmän gelýän meseleleriňiz bar bolsa, bu gün olaryň iň amatly çözgüdini tapyp bilersiňiz.Günüň ikinji ýarymynda maşgalaňyz we ýakynlaryňyz bilen aragatnaşykda sypaýyçylygy elden bermäň.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Günüň dowamynda özüňizi adatydakysyndan has ynamly duýarsyňyz. Mizanlar üçin bu gün estetik gözelligiň we döredijiligiň günüdir. Daşky keşbiňizde ýa-da iş gurşawyňyzda kiçiräk üýtgeşmeler girizmek size ruhy lezzet berer.Iş ýeriňizde  topparlaýyn işlerde we gepleşiklerde siziň pikirleriňiz uly gyzyklanma döreder.Günüň ikinji ýarymynda wagtyňyzy açyk howada geçirmäge çalşyň. Ýeňil ylgaw ýa-da maşklar bedeniňize rahatlyk berer.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Akraplar  häzirki wagt öz içki güýjüni doly ýüze çykarmak we maksatlaryna  tarap batly ädim ätmek üçin iň amatly pursatdyr.Günüň birinji ýarymynda özüňize bolan ynamyňyz örän ýokary bolar. Siziň erjelligiňiz we çuňňur düşünjäňiz köp adamyň ünsüni çeker. Gizlin saklanan käbir maglumatlaryň ýüze çykmagy     ýa-da anyklanmagy mümkin, bu bolsa size täze ýollary açar.Iş ýeriňizde çylşyrymly meseleleriň düýp sebäbini tapmak siz üçin ýeňil bolar. Sanly ulgamlar ýa-da programmalar bilen işleýän bolsaňyz, täze guraly özleşdirip bilersiňiz.Şeýle hem maliýeleriňizde  meselelerinde seresaply boluň.

Kowus (keman 23.11 — 21.12) 
   
Kowuslar bu gün özüni çäklendirilýän ýaly duýmazlyga çalyşmalydyrlar. Bilime bolan höwesiňiz we gezelenç etmäge bolan islegiňiz artar. Eger mümkinçilik bolsa, adaty gün tertibiňizden birneme çykyp, täze bir zatlar bilen meşgullanyň.Işde ýada okuwda diplomatik gatnaşyklaryň  başlangyçlary  örän möhümdir. Daşary ýurt dilleri, halkara taslamalar ýa-da uzak aralykdaky hyzmatdaşlar bilen gepleşikler üçin örän amatly gün.Döredijilikde   täze pikirleriňizi orta atmakdan çekinmäň. Siziň giň dünýägaraýşyňyz kyn meseleleriň iň täsirli çözgüdini tapmaga kömek eder.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Ýyldyzlar siziň zähmet söýerligiňizi we tertip-düzgüne bolan meýliňizi goldap, uzak möhletleýin maksatlaryňyza ýetmekde täze gapylary açar.Iş ýeriňizde   professional ösüş we strategik meýilnamalaşdyryş öňe çykar.Şeýle hem   täze wezipeler ýa-da jogapkärli taslamalar size ynanylyp bilner. Siziň sabyrlylygyňyz we erjelligiňiz ýolbaşçylaryňyzyň ünsüni çeker.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Maksadyňyza ýetmek  üçin göreşiň. Işde  täze hyzmatdaşlar tapyp bilersiňiz, ýöne hemmelere ynanmaň.Bu gün Daluwlar üçin  täze zatlary öwrenmek üçin amatly gün. Dostlaryňyz bilen duşuşyk size şatlyk getirer.Günüň ikinji ýarymynda her bir ädimiňizi ölçerip-biçip ätmegi  dowam ediň. Siziň yzygiderliligiňiz  iň uly üstünligiňizdir.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Çynlakaý işlere başlamak üçin amatly gün. Liderlik häsiýetleriňiz üstünlik getirer.Täze tanyşlyklar peýdaly bolar.Şahsy durmuşda hem gowy üýtgeşmeler garaşýar.Günüň ikinji ýarymynda ýakyn adamyňyz bilen wagtyňyzy asuda we ýakymly gurşawda geçiriň. Siziň mähriňiz we aladaňyz öýdäki sazlaşygy berkitmäge kömek eder.