Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Bu gün sizi güýçli energiýa garşy alýar.Irden özüňi örän işjeň duýarsyňyz. Täze başlangyçlar üçin gowy mümkinçilikler açylar. Işde öňe gitmek üçin amatly şertler bolar. Siz özüňize ynamly bolarsyňyz. Bu ynam sizi üstünliklere alyp barar. Emma howlukman hereket etmek maslahat berilýär. Her ädimiňizi pikirlenip ätmelisiňiz. Kärdeşleriňiz bilen aragatnaşyk örän möhüm bolar. Siz olaryň goldawyny duýarsyňyz.Güniň ikinji ýarymynda täze pikirler peýda bolar we bu pikirler geljek üçin peýdaly bolar. Söýgi durmuşynda açyk gürrüňler möhüm. Duýgularyňy gizlemäň.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Bu gün sabyrlylyk siziň esasy aýratynlygyňyz bolar. Siz ýagdaýlara howlukman çemeleşersiňiz. Bu bolsa size uly üstünlikleri getirer. Işde käbir kynçylyklar ýüze çykyp biler. Emma sen olary ýeňip geçersiňiz. Maliýe meselelerinde seresap bolmak gerek. Gereksiz çykdajylardan gaça dur. Pul tygşytlamak peýdaly bolar. Ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklar gowy bolar. Siz olaryň goldawyny duýarsyň.Günüň ikinji ýarymynda kiçi zatlardan lezzet almagy öwreniň. Sabyr sizi maksadyňyza ýetirer. Söýgi durmuşynda ýylylyk bolar. Açyk gürrüňler peýdaly bolar. Agşam özüňe wagt aýyryň we dynç alyň.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Bu gün siz üçin örän hereketli geçer. Siz köp zatlary pikir edersiňiz. Täze ideýalar peýda bolar. Bu ideýalar size peýdaly bolar. Işde üstünlik gazanarsyň. Öz güýjüňe ynan. Bu ynam sizi öňe iterer. Söýgi durmuşynda şatlykly pursatlar bolar.Şeýle hem dostlaryňyz bilen gürrüňdeşikler sizi begendirer. Günüň ikinji ýarymynda dynç almak peýdaly bolar. Özüňe wagt aýyryň.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Bu gün siz has duýgur bolarsyňyz. Maşgala meseleleriňiz öňe çykyp biler we olara üns bermeli bolarsyň. Ýakynlaryňyz bilen wagtyňy geçirmek size örän möhüm bolar. Işde howlukmazlyk gerek. Ýalňyşlyk goýbermek ähtimallygy bar. Bu wagt sabyrly bolmak peýdaly bolar. Söýgi durmuşynda ýylylyk bolar. Duýgularyňyzy paýlaşyň. Bu gatnaşyklaryňyzy güýçlendirer.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Bu gün sen üns merkezinde bolarsyň. Adamlar seniň bilen gyzyklanar. Sen öz pikirleriňi açyk aýdarsyň. Bu seniň abraýyňy ýokarlandyrar. Işde täze mümkinçilikler açylar. Sen olary peýdalanyp bilersiň. Liderlik ukybyň ýüze çykar. Bu gün özüňi görkezmekden çekinme. Söýgi durmuşynda duýgular güýçli bolar. Sen öz duýgularyňy paýlaşarsyň. Bu gatnaşyklary berkitýär. Dostlaryň bilen wagt geçirmek gowy bolar. Sen olaryň arasynda özüňi gowy duýarsyň. Agşam dynç almak peýdaly bolar. Öz güýjüňi dikeltmek gerek. Sport bilen meşgullanmak hem peýdaly bolar. Şeýlelikde sen güýçlenersiň.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Bu günsiz ähli zatlary planlaşdyrarsyňyz we bu sizi üstünliklere ýetirer. Işde köp işleri ýerine ýetirersiňiz. Siz örän jogapkärli bolarsyňyz. Kärdeşleriňiz size hormat goýarlar. Günüň ikinji ýarymynda maliýe taýdan üstünlikler mümkin. Pul bilen oýlanyşykly hereket ediň. Saglygyňyzy ünsden düşürmäň.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Bu gün deňagramlylyk möhüm bolar. Siz içki rahatlygy gözlärsiňiz. Şeýle hem saýlawlarda dogry kararlary kabul edersiňiz. Işde hyzmatdaşlyklar uly üstünlikleri getirer. Siz bu wagt kärdeşleriňiz bilen gowy işleşersiňiz. Dostlaryňyz bilen aragatnaşyk güýçlener. Söýgi durmuşynda romantikadan doly bolar. Siz özüňi bagtly duýarsyňyz. Ýakynlaryňyz bilen duýgularyňyzy paýlaşmak peýdaly bolar.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Bu gün syrlar açylyp biler. Siz täze maglumatlary bilersiňiz. Bu iziň üçin örän peýdaly bolar. Işde täze mümkinçilikler peýda bolar. Siz batyrgaý hereket edersiňiz. Bu sizi üstünliklere alyp barar. Söýgi durmuşynda duýgular güýçli bolar. Siz öz ýüregiňizi diňlemeli bolarsyňyz.Günüň ahyrynda dostlaryňyz bilen aragatnaşyk gowy bolar. Agşam dynç almak peýdaly bolar.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Bu gün täze tejribeler sizi özüne çeker. Siz täze zatlary öwrenmek islärsiňiz. Syýahata gitmek baradaky pikirler peýda bolar. Işde döredijilikli bolarsyňyz. Bu sizi üstünliklere ýetirer. Dostlaryňyz bilen wagt geçirmek gowy bolar. Siz şatlykly pursatlary başdan geçirersiňiz. Söýgi durmuşynda açyklyk möhüm bolar.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Bu gün jogapkärçilik artar. Siz köp işleri ýerine ýetirersiňiz. Bu wagt size sabyrly bolmak örän möhüm bolar. Işde üstünlik gazanarsyňyz we zähmetiňiziň miwesini görersiňiz.Şeýle hem maliýe meselelerinde seresap boluň.Bu wagt pul tygşytlamak peýdaly bolar.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Siz irden özüňizi ýeňil we şat duýarsyňyz.Bu wagt size täze we gyzykly ideýalar geler. Bu ideýalar siziň geljekdäki üstünlikleriňize ýol açyp biler. Işde özboluşly pikirler bilen beýlekilerden tapawutlanarsyňyz we kärdeşleriňiz siziň pikirleriňize gyzyklanma bildirerler. Bu bolsa siziň özüňe bolan ynamyňyzy artdyrar.Günüň ikinji ýarymy täze taslamalara başlamak üçin amatly wagt.Emma her ädimiňizi oýlanyşykly etmelisiňiz. Şeýle hem dostlaryňyz bilen aragatnaşyk aýratyn ähmiýetli bolar. Siz olaryň arasynda özüňizi erkin duýarsyňyz. Täze tanyşlyklar hem ýüze çykyp biler. Bu tanyşlyklar geljekde peýdaly bolar. Söýgi durmuşynda garaşylmadyk ýakymly pursatlar bolup biler. Siz öz duýgularyňy has açyk görkezersiňiz.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Irden içki sesiňizi diňlemäge mümkinçilik bolar. Siz öz duýgularyňyzy has gowy düşünersiňiz we ruhy taýdan ösüş üçin amatly wagt. Meditasiýa ýa-da ýuwaş gezelenç peýdaly bolar. Ýakynlaryňyz bilen mähirli gürrüňler bolup biler. Bu gürrüňler sizi ýeňleder. Işde howlukmazlyk möhüm bolar. Siz her işi ýuwaş we oýlanyşykly ýerine ýetirersiňiz. Bu bolsa ýalňyşlyklaryň öňüni alar. Kärdeşleriňiz bilen düşünişmek gowy bolar. Söýgi durmuşynda ýylylyk we romantika artar.
Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
