BIZNES

Aşgabatda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler

2026-njy ýylyň 28-30-njy apreli aralygynda Aşgabat şäherinde, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmen – Hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler. Bu möhüm çäre Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilýär.

Forumyň çäklerinde iki ýurduň döwlet edaralarynyň, işewür toparlarynyň we iri kompaniýalarynyň wekilleri bir ýere jemlenip, özara tejribe alyşarlar hem-de täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşarlar. Şeýle hem gatnaşyjylar üçin öňdebaryjy tehnologiýalar, innowasion çözgütler we önümçilik ugurlary bilen tanyşmak mümkinçiligi dörediler.

Mowzuklaýyn mejlisler bilen birlikde B2B we B2G görnüşindäki işewürlik duşuşyklary hem guralar. Bu duşuşyklar täze hyzmatdaşlyk ugurlaryny kesgitlemäge hem-de özara bähbitli şertnamalaryň baglaşylmagyna giň ýol açar.

Türkmen – Hytaý işewürler forumy we sergisi iki ýurduň arasynda söwda dolanyşygyny giňeltmekde, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmakda hem-de uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.

Ýene-de okaň

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar

Türkmenistanyň söwda ministri Daşkent halkara maýa goýum forumynyň çärelerine gatnaşýar

«Aýdyň Gijeler» Özbegistanda önümçilik meýdançasyny döreder

Eýran sebit ýurtlary bilen söwda hyzmatdaşlygyny ýeňilleşdirmegi we ösdürmegi meýilleşdirýär

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi