Ozal hem habar berşimiz ýaly, Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistan — Hytaý Halk Respublikasy: gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygyň 20 ýyly» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Şol maslahata Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan gatnaşyp, energetika hyzmatdaşlygynyň hilini we netijeliligini has-da ýokarlandyrmak üçin Türkmenistan bilen işleşmäge taýýardygyny aýtdy.
Ol tebigy gaz hyzmatdaşlygyň Hytaý-Türkmenistan gatnaşyklarynyň özeni bolup hyzmat edýändigini aýtdy. Iki ýurduň Liderleriniň strategik ýolbaşçylygynda Hytaý we Türkmenistan hemişe öz asyl maksatlaryna ygrarly galyp, strategik özara ynamy esasy şert, adaty dostlugy berk binýat, özara bähbidi esasy hereketlendiriji güýç we uzak möhletleýin garaýyşy möhüm gorag hökmünde kabul etdiler diýip, ol belledi.
Iki tarap tebigy gazyň tutuş senagat zynjyry boýunça hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürip, bu ugurdaky hyzmatdaşlyk üçin nusgalyk dereje döretdiler diýip, bellän Din Sýuesýan üç sany teklipli çykyş etdi:
-
Birinjiden, adaty energetika hyzmatdaşlygynyň binýadyny berkitmeli, Hytaý-Türkmenistan tebigy gaz hyzmatdaşlygyna strategik belentlikden we uzak möhletleýin bähbitler nukdaýnazaryndan has uly ähmiýet bermeli, bar bolan hyzmatdaşlyk ylalaşyklaryny doly durmuşa geçirmeli we täze iri taslamalaryň gurluşygyny yzygiderli ilerletmeli;
-
Ikinjiden, energetika hyzmatdaşlygynyň täze ugurlaryny giňeltmeli, energiýanyň ýaşyl we pes uglerodly geçiş meýillerine eýermeli, adaty energetika we ýaşyl energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň parallel ösüşini goldamaly hem-de energetika hyzmatdaşlygynyň ählitaraplaýyn nusgasyny döretmeli;
-
Üçünjiden, dünýä energetika howpsuzlygyny goramak, energiýa önümçiliginiň we üpjünçilik zynjyrlarynyň durnuklylygyny we bökdençsiz akymyny üpjün etmek, energiýa bazarlarynyň durnukly işlemegine ýardam bermek hem-de has adalatly, deňagramly we hemmetaraplaýyn global energetika dolandyryş ulgamyny gurmak üçin bilelikde işlemeli.
