Hytaý Halk Respublikasy Türkmenistan bilen gaz pudagynda hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýýardyr. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan Aşgabat şäherinde geçirilen “Türkmenistan-Hytaý Halk Respublikasy:Gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygyň 20 ýyly” atly halkara ylmy-amaly maslahatynda eden çykyşynda belläp geçdi.
Hytaýyň ýokary derejeli döwlet wekili Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarda üstünlikli ösdürilýändigini belledi.
Din Sýuesýan iki ýurduň arasynda gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilmeginiň esasynda dört ugruň ýatandygyny belledi.
Birinjiden, gaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk strategik ynanayşmak häsiýetine eýedir. Ikinjiden, bu ugurda däp bolan dostlukly gatnaşyklar işjeň ösdürilýär. Üçünjiden, özara bähbitlilik ýörelgesi esasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary netijeli alnyp barylýar. Dördünjiden strategik geljege garamak arkaly gatnaşyklar pugtalandyrylýar.
Şeýle hem Hytaýyň ýokary derejeli döwlet wekili Hytaýyň uly bazar bolup durýandygyny, Türkmenistanyň bolsa, ägirt uly serişdeler goruna eýedigini belläp, energetika ulgamyny yzygiderli ösdürmäge taýýardyklaryny belledi.

Mundan başga-da, Din Sýuesýan energetika ulgamyny has-da ösdürmek üçin şu ugra ünsi çekdi.
- Energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmäge strategik nazar bilen seretmek zerurdyr.
- “Ýaşyl” energetika boýunça hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyrys. Bu ugurda iňňa uly tejribe toplanyldy. Türkmenistan Gün we ýel energiýasy babatda hem uly mümkinçiliklere eýe bolup durýar. Şu nukdaýnazardan bu ugurda hem hyzmatdaşlygy ösdürmäge ähli şertler bar.
- Global energetika hyzmatdaşlygyny üpjün etmek zerurdyr. Bu ugurda Türkmenistanyň öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň ähmiýete uludyr.
MASLAHAT SERGI BILEN UTGAŞDY
Aşgabatda geçirilen halkara maslahatyň çäklerinde Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky nebitgaz, ulag-aragatnaşyk, saglygy goraýyş we täzeçil tehnologiýalar babatda gazanylan üstünliklere bagyşlanan sergi guraldy.
Sergide Türkmenistanyň nebitgaz, ulag-aragatnaşyk, saglygy goraýyş ulgamynda gazanan üstünlikleri açyp görkezmek üçin ýurdumyzyň degişli toplumlarynyň sergi diwarlyklary ýaýbaňlandyryldy.
Şol bir wagtda dostlukly Hytaý Halk Respublikasy hem ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk edýän esasy ugurlary bolan nebitgaz, ulag-aragatnaşyk we saglygy goraýyş ulgamynda degişli gazananlaryny görkezdi. Esasan hem Hytaýyň emeli aň ulgamy boýunça diwarlygy hem köpleriň ünsüni çekdi.
