TESWIRLER

Atoglanmy ýa-da çapyksuwar? At medeniýeti bilen baglanyşykly söz

                                                                                                                     Ýusup Azmun

Taryhda köp halklaryň durmuşynda we medeniýetinde uly rol oýnan at mydama güýjüň we akylyň simwoly bolupdyr. Uzak asyrlaryň dowamynda adamynyň derdine ýaran, onuň bilen ýanaşyk ýaşap, adamdan terbiýe alan, ynsanyň hemişelik hemrasyna, kömekçisine, wepaly dostuna öwrülen at haýwanat dünýäsinde örän üýtgeşik duýgur hem-de akylly jandardyr.

Köne döwürlerde türkmen durmuşy at gaýraty bilen berk baglanyşykly bolupdyr. Şol sebäpdenem biziň ene dilimizde at hem atçylyk bilen bagly onlarça nakyllardyr atalar sözleri döräpdir. Türkmenleriň ata bolan üýtgeşik hormaty olary hatda kowumdaş türki halklaryň arasynda-da tapawutlandyrýar. Öz topragyna, iline asyrlar boýy artykmaç sarpa goýan we dogduk toprak üçin her demde maldan-başdan geçmäge taýyn bolan türkmenler bu mukaddes baglanyşygy aňlatmak üçin “Il oňlasa, atyňy soý!” diýen nakyly döredipdirler. Munuň manysy – il-ýurt üçin gerek bolsa, adam hatda janyna deňäp ýören gymmatlygyndanam geçip biler diýmekdir. Bu nakylyň aýratynlygyny aňlamak üçin türki halklaryň köpüsinde at eti iýilse-de, türkmenleriň at etini iýmeýändigini ýatlamak hem ýeterlikdir. Türkmende bedew at adamlaşdyrylypdyr, biziň ata-babalarymyz, eger tohum at ölse, ony adam kimin hormatlap, ýere depin edipdirler.

Bu makalada biz at hem-de atçylyk bilen bagly käbir sözleri derňemekçi.

At bilen baglanyşykly ilkibaşdan akylly sözüni ulanmagymyzyň özüne ýetesi sebäbi bar. Arap dilinde at üçin ulanylan färäs sözi türkmen dilinde parasa:t sözüne öwrülen fära:sätiň düýp sözüdir. Elbetde, arap dilinde dörän bu adalga tötänden däldir. Häzirki zaman türkmen dilinde ulanylýan syýasat sözi-de arap dilinde aslynda “haýwanlary terbiýelemek, olara gowy garamak” diýmek. Bu sözden, arapçada, ‘haýwanlara, ylaýta-da atlara terbiýe beren” manysyndaky sypat sa:’is görnüşinde ulanylýar (El-Munjid, s. 373). Bu söz türkmen hem-de häzirki zaman türk dilinde seýis bolupdyr. Syýasat sözi başga manylarda, şol sanda “jeza bermek, gorkuzmak” ýaly manylarda-da ulanylypdyr. Pars dilinde-de siýa:sät kärdän goşma sözi “jeza bermek, gorkuzmak” manysynda ulanylýar (Moin, t. II, s. 1966-1967). Türkmen dilinde abaý-syýasat etme sözi-de edil şol manyny aňladýar. Arapça akl “akyl” sözi-de “aýagy baglamak” (Moin, t. II, s. 2327), “düýäň aýagyny epläp baglamak” diýmek (M. Sary, s. 1031). Bu sözler käbir haýwanlaryň durmuşdaky ähmiýetini görkezýär.

Geçmişde belli bir döwürde türkmen dilinde seýse mä:ter diýlipdir. Bu söz parsça mehtär sözünden alnan. Bu söz şu manylarda ulanylypdyr:

  1. Ulurak, iň uly;
  2. Bir halkyň başyny tutan (uly adam);
  3. Pygamber, Muhammet pygamber, başga pygamberleriň atlarynyň öňünden gelýän sypat: mehtär Musa;
  4. Sefewitler döwründe saraý gullukçylarynyň başy;
  5. Atbakan, seýis (Moin, t. IV, s. 4460);

Bu düşündirişler köne döwürde türkmenleriň arasynda seýisleriň mertebesiniň beýikligini görkezýär. Türkmen diliniň sözlügine girizilmedik mäter ene dilimizde ozal ulanylan söz. Meselem, meniň atamyň kakasynyň ady –Mäter Çakan. Bu at başda maňa-da dakylan. Uly agalarym maňa “atam” manysynda “kakam” diýýärdiler. Türkmen dilinde unudylan mehtär > mä:ter sözi häzirki zaman azerbaýjan dilinde mehtər (okalyşy: mehtär) görnüşinde ulanylýar.

Türkmen dilinde gadymdan bäri ulanylan at, aýgyr <adhgyr (dh, bir hili peltek /z/ sesini görkezýär, gadym döwürlerde ulanylan bu ses soňraky döwürlerde /ý/ sesine öwrülipdir: ”Rownakulyslamnyň” gadymy golýazmalarynda aýak sözi adhak görnüşinde ýazylypdyr), ýylky, ýunt ýaly sözleriň gelip çykyşy barada, indiki setirlerde görkezilişi ýaly, üýtgeşik düşünjeler bar.

At sözi, umuman aýdanyňda, ähli türki dillerde diýen ýaly ulanylýan söz – münülýän haýwanyň umumy ady. Gadymy argu diliniň häzirki zamanda ulanylýan görnüşi bolan halaççada at sözi başyna /h/ protezi goşulansoň, hat bolupdyr. Çuwaş dilinde ata ut diýilýär. Çünki bu dilde /a/ sesi /u/ sesine öwrülip bilýär. Wenger dilinde ata berlen adynyň türkiden alnan bir sözdügine, onuň ulag sözünden alnandygyna ynanylýar. Mongol dilinde ata morin diýilýär; bu söz rus diline merin görnüşinde geçipdir (Eren, s. 24). Şipowa rusça loşad “at” sözüniň alaşa+at sözünden dörändigini ýazýar (Şipowa, s. 223-224). Türkmen dilindäki alaşa sözi tatarçada-da “at – merin” manysynda giňden ulanylan söz (Tatarsko-russkiý slowar, s. 28). Şonuň üçin rusça loşad sözüniň tatarçadan alnan bolmagy ahmal.

Agt, ýa-da agta sözı mongol dilinde “biçilen” diýmek: agta mori biçilen at”. Käbir turkologlar at bilen agta sözüniň aslynyň birdigini belleýärler. Olar, mongol dilinde türki bat- işlik düýp sözüniň-de bagt- görnüşüne öwrülýändigini göz öňünde tutup, bu netijä gelýärler (TMEN, t. I, 8/s.116). Mongol diliniň bir düzgüni boýunça käbir ýeke bogunly sesleriň soňuna bir çekimli ses goşulýar. Bu düzgün boýunça agt sözi agta bolupdyr. Bu söz türkmen dilinde diňe “gysyrlaşdyrylan” manysynda ulanylýar. Munuň beýle bolmagy, belki-de, gadym wagtlarda hökümdarlaryň we hanlaryň belli bir atyň diňe özlerinde galmagy üçin, ýa-da atlarynyň tohumynyň ýaýramazlygy üçin atlaryny biçdirmeleri bilen baglanyşykly bolmagy ähtimal. Agta türkmen dilinde-de “biçilen” diýmek. Pars dilinde bolsa bu söz hem “biçilen” hem-de “at” manysynda äxtä we a:xtä görnüşünde bar. Bu sözden dörän a:xtä:çi: ýa-da a:xtä-beýgi < agta begi, pars dilinde, “hökümdaryň atlarynyň sakçysy ýa-da mäter” manysynda ulanylýar (Moin, t. I, s. 34). A:xtäçi:-xa:ne ýa-da äxta:ji:-xa:ne bolsa “gadym emirler we patyşalar, ylaýta-da mongol hanlarynyň saraýlarynda işleýän mäterleriň ýaşaýan jayý” diýmek. Agta sözi Türkmen dilinde igdiş sözi bilen baglanyşykly bolup biler. Bu soňky söz Şeýh Süleýman Efendiniň  Lügat-i Çagataý atly sözlüginde, türkmençe terjimesi bilen, şeýle düşündirilýär: “Aýgyry we baýtaly başga-başga jynsdan bolan atdan önen at; bu söz adam üçinem ulanylýar; agta, ‘burma’ at”. (s. 56).   

 Aýgyr sözi örän gadymy söz, gadymy tekstlerde adhgyr görnüşinde bar. Bu söz örän gadym döwürlerde mongol diline geçip, ajirga bolupdyr (Clauson, s. 47). Adhgyr oguz dilinde aýgyr bolupdyr. Kaşgaryda şeýle bir ogyz nakyly bar: “Kolan (kulan) kudugka tüşse kurbaka aýgyr bolur” – “Gulan guýa gaçsa, gurbaga aýgyr bolar” (DLT, t. III, s.122). Bu sözüň gelip çykyşy barada üýtgeşik düşünjeler bar. Türkloglaryň käbirleri bu sözüň adh-/ aý- “aýyrmak” ýa-da “ýaratmak” manysyndaky aý- işliginden dörändigine ynanýarlar. Sewortýan-da adhgyr/ aýgyr sözüniň”ad*- ~ *az- “seksual arzuwy köpelmek” işliginden emele gelendigini ýazýar (Eren, s. 28). Görnüşi ýaly, sözüň anyk etimologiýasy belli däl. Muny bilmek hem kyn. Edil şular ýaly ýylky hem-de gadymy tekstlerde: 1. at 2. at sürüsi 3. baýtal manylarynda ulanylan ýunt sözüniň etimologiýasy-da çylşyrymly.

 

Arap dilinde ba:diýe sözi “çöl” diýmek. Bu söz “çöle çykmak, çöl, açyk meýdan” ýaly manylardaky bädw düýp sözünden dörän. Bu soňky sözüň ýene bir manysy “nomad“. Çölde ýaşaýana arap dilinde ba:di: diýilýär. Bu söz köplük sanda ba:du:n bolýar (M. Sary, s. 78-79, el-Munjid, s. 27). Bädewi: /bädwi: sözi-de “çölde ýaşaýan” manysynda arap dilinde we başga dillerde giňden ulanylan söz. Bu sözüň köplük sandakysy arap diliniň grammatiki düzgüni boýunça bädäwiýýu:n bolsa-da, bedwin görnüşinde XV asyrda fransuz diline, bu dilden-de XVII asyrda beýleki Ýewropa dillerine, şol sanda rus diline (бедуин) geçipdir (Chambers Dictionary of Etymology, s. 85).

Bu düşündirişlere garasaň, türkmen dilinde ulanylýan bedew sözi çölüň agyr şertlerine çydap bilýän güýçli bedewiaty aňladýan ýaly görünýär. Ýöne bedäw sözi pars dilinde “çalt çapýan, yüwrük” manysynda ulanylýar (Moin, t. I, s. 488). Bu-da at bilen baglanyşykly başga bir etimologik çylşyrymlylygy döredýär. Elbetde, bular geljekde ginişleýin derňelmeli.

Atlaryň käbir görnüşlerine berlen atlar barada bu gysgaça maglumatdan soň, at oglan >atoglan sözüni derňäliň. Belli bolşy ýaly, at çapyşykda atyň üstünde oturan, aty çapdyrýan adama türkmen dilinde çapyksuwar ýa-da atçapar diýilýär. Käbir türkmen dialektlerinde bolsa oňa atoglan diýilýär. Bu sözi anyklamak üçin oglan sözi barada düşündiriş berilmegi ýerliklidir.

Oglan sözi ogul sözünden gelýär. Bu söz, haýsy jynsdan-da bolsa, aslynda “çaga” üçin ulanylyp, ýöne many taýdan esasan erkek çaga degişli edilipdir, soňra-da diňe erkek çagalar üçin ulanylypdyr. Gadymy tekstlerde ogul sözi köplük sanda oglan bolupdyr, meselem: ..sabymyn tüketi eşid ulaýu iniygünüm oglanym sözümi başdan soňa eşidiň, ilki inilerim (we) ogullarym” (Ergin, s. 2). Görnüşi ýaly, bu sözlemde oglan ogullar” diýmek. Kaşgary ogul sözüni düşündirende, onuň köplük sany ogullar bolmaly bolsada, oglan sözüniň-de edil’erkekler’ üçin eren diýlip ulanylyşy ýaly, köplük sany görkezýän sözdügini bildirýär (DLT, t. I, s. 74). Häzirki zaman türk dilinde eren köplük at däl-de, özüni Hudaýa adaglan, ýagny bagş eden öwlüýä mertebsindäki adam üçin ulanylýar. Bu söz aslynda köplük sandaky söz bolsa-da, edil oglan sözi ýaly soňuna +lar goşulmasy goşulýar. Sopy (sufi) derwüşler biri-birine erenler diýip ýüzlenýärler.

Oglan sözi “gullukçy” manysynda-da ulanylýar. Iskender Beg Türkmeniň ýazan “Taryh-y Alem-a:ra:-ýy Abbasy:” atly eserinde şeýle setirler bar: ..gullukçiýan-i ordu … ki rumiýa:n at oglany gu:ýänd “Osmanlylaryň at oglany diýýäni goşun hyzmakärleri” (s. 703), “…äz na:-ya:bi:-yi a:zu:kä (a:zu:qä) çänd nafär äz pa:şa:ýa:n wä sänja:kbegiýa:n ra: …ba: ta:ýifä (-i) at ogla:ni: bä-täläb-i a:zu:kä mi:firista:dänd “azyk ýeterlik bolmany üçin, goşunyň ýokary derejeli adamlaryny we at oglanlaryndan bir toparyny iýmek-içmek tapmak üçin iberýärdiler” (ş. y.’de, s. 824). Bu mysallardan görnüşi ýaly, at oglan sözi, “at bakan gullukçy” manysynda ulanylýar. Azerbaýjan dilinde at bakanlara at uşagy diýilýär. Uşak sözi türk diliniň gepleşiklerinde“çaga” diýmek’ edebi dilde bolsa “gullukçy, nöker” manysynda ulanylýar. Fransuz dilinde hem garson “çaga” hem-de “restoranlarda hyzmat edýän adam” manysynda ulanylýar. Bu söz şu soňky manysynda halkara söze öwrülen.

Gyzykly mysallardan biri-de türkmençe at bilen baglanyşykly bolan oglan sözüniň iňlis dilinde-de barlygydyr, iňlis dilinde bu söz uhlan ýa-da ulan görnüşinde ornaşypdyr. U:la:n ýa-da ýu:la:n diýlip okalýan bu söz iňlis diline polýak dilinden geçipdir.

Nýu-Ýorkdaky atçylyk muzeýinde uhlan atly bir at üçin ýadygärlik gurupdyrlar. Hiç ýeňilmedik bu atyň eýesi, Stanford Uniwersitetiniň gurujysy Leland Stanford bolupdyr.

Uhlan > ulan sözi ilki Polşanyň armiýasynda, soňra-da Günbatar Ýewropada harby işe alnan uzyn naýzaly söweşijilere berlen at. XVII asyrda oglan sözi polýak dilinden nemes diline, ondan-da iňlis diline geçipdir (Collins English Dictionary, s. 1666). Bu sözüň tatarçadan alnan bolmagy-da mümkin, çünki tatarlaryň Altyn Orda eposynda uglan sözi diňe bir “erkek çaga, ýaş ýigit” ýaly manylarda ulanylman, eýse “ýokary mertebeli [aristokrat synpyndan] söweşiji” manysynda-da ulanylan söz.

Ulan sözi rus diline-de ir döwürlerde giripdir. Bu dilde ýeňil ýaraglanan atly goşunyň esgerlerine ”ulany” diýilýär. Rus klassyk şahyry M. Lermontowyň “Borodino” atly goşgusyndan bir mysal:

Уланы с пестрыми значками,

Драгуны с конскими хвостами…

(Ulanlar dürli-dürli nyşanly,

Dragunlar atguýruk çokully…)

Ýöne, rus etimologlarynyň käbiri bu sözi aslynda mongol dilindäki oola, ýagny beýik sözünden gelip çykan diýip hasaplaýarlar we türki dillerde onuň “saýlama goşun” manysynda ulanylýandygyny belleýärler.

Hanyň janpenasyna-da uglan diýilýär ( Bikinnin, s. 9). Iskender Begiň ýokarda getirilen setirlerinde duşýan, soňra pars diline-de geçen, osmanlylaryň (türkmenleriň) dilinde ýörgünli bolan at oglan sözüni ünsden düşürmeseň, onda uhlan sözüniň polýak diline Osmanly hökümdarlygy döwründe geçendigine ynansa bolar.

Serbçede, bolgar we rumyn dillerinde ulan, çeh dilinde ulán, nemes dilinde Ulan, italýan dilinde-de ulano häzirki zamanda giňden ulanylýan, aslynda türkmençe oglan sözünden dörän sözlerdir.

Gadymy tekstlerde we Osmanly döwründe, şeýle-de käbir Günbatar ýurtlarda ulanylan oglan sözüniň beýleki manylary barada, ýagny häzirki zaman türkmen dilinde ulanylýan çapuksuwar manysynda-da ulanylandygyny agzap geçdik. Emma gadym zamanlarda ulanylan at oglan sözi häzirki zaman türkmen edebi dilinde ulanylmaýar. Taryh boýunça ulanylan bu söz käbir türkmen dialektlerinde, ylaýta-da Türkmenistanyň günbatarynda saklanypdyr. Biz bu ýerde bu sözi giňişleýin derňemekçi däl, diňe türkmen dilinde ýatdan çykyp giden türkmeniň atçylyk medeniyetinde uly orny bolan at oglan sözüniň bardygyny ýörite nygtamak isleýäris. Häzirki zaman türkmen dilinde bu aňlatmanyň ýerini çapyksuwar diýen söz eýeläpdir. Bu sözdäki çapyk sözi ’at çapmak’ bilen baglanyşykly türkmen sözi bolsa-da, “çalt, çalasyn, tiz” ýaly manylarda pehlewi dilinde-de bar (Mackenzie, s. 56). Suwar münen ýa-da münüji” manydaky pars sözi. Näme üçindir, deregine pars sözi alnyp, arassa türkmençe at oglan (atoglan) sözi ýatdan çykarylypdyr. At oglan – hökman ýaş oglan bolmaly diýildigi däl, agramy ýeňil bolsa, ol uly adam-da bolup biler.

Ýöne meniň ýaşlygymda uly toýlarda türkmen däbi boýunça geçirilen at çapyşyklarynda çapyksuwarlar köplenç kiçijik oglanlar bolardy. Aýlawlar gaty daşdan aýlanýardy. Çapyşygyň iň ulusy-da 12 aýlaw bolardy. Ýaryşyň gutarýan ýerine toýhana diýlerdi (Türkmenistanda torhana diýilýär). Toýhanada laňňara we häzir ulanyşdan galan şadyýa:n atly bir saz guraly bolardy. Ýaryş soňlap, atlar pellehana golaýlaberende, sazandalar ýaryşy joşdurmak üçin şadyýany çalyp başlardylar. Şadyýanda çalynýan ol saza “at getiýr” diýilýärdi. Şol döwrüň meşhur şadyýançysynyň ady Çatdy. Ol gowy görülýän bir ýaşulydy. Käbir gülkünç ýagdaýlar üçin ulanylýan ”Çatyňky ýaly” sözi-de şol döwürlerde türkmen diliniň ýerli gepleşigine giripdi.

Ähli ýaryşlarda soňky ýetilmeli ýere, ýagny pellehana, tarp diýilýärdi. Tarpa ýakynlaşanlarynda, at oglanlar, atlaryna güýçleri ýetmänsoň, biri-birini gamçylap başlaýardylar! Haýsy atyň çykanlygyny kesgitleýän ýaryşyň eminleri-de toýhanada durýardylar. Eminler – ýaşuly hajylardan we ahunlardan ybarat bolardy. Atyň eýesi haýsy taýpadan bolsa, şol taýpadan bolanlar atyň fanatik janköýeri bolardylar. Käwagt bir tohumdan bolan atlar bir tapgyrda ýaryşýardylar. Öz taýpasynyň aty çykman, onuň tohumdaşy çykaýsa, türkmen janköýerleri atlary adamlaşdyryp, ýagny atlary adam derejesine göterip: ”Aý zyýany ýok, o-da biziň garyndaşymyz” diýşip, gynanyp duran hem bolsalar, özlerine göwünlik bererdiler. Arkaňda bir ýaşuly duran bolsa dagyn ýeňsäň hut tüýkülikden dolardy. Çünki gowy görýän atlaryna göz degmesin diýip,” tüf-de tüf” bolşar durardylar.

Atlaryň ýerine ýetirýän işleriniň biri-de arabany çekmegidir. Gadymy tekstlerde araba kaň diýilýär. Manysy üýtgän bolsa-da, türkmen dilinde gaňňa sözi kaňdan dörän sözdür. Köne tekstlerden bize belli bolşuna görä, gadym döwürlerde ataraba ulanan türkmenlere-de kaňly diýipdirler.

Çekmek sözi häzirki zaman wenger dilinde araba üçin ulanylan szeker (okalyşy: çeker) sözüni ýada salýar. Bu ýerdäki çekme hereketini atlar ýerine ýetirýär. Käbir çeşmeler çeker sözüniň arabalary bilen meşhur bolan Wengriýanyň Kosci (koçi diýlip okalýar) şäheri bilen baglanyşyklydygyny bildirýärler (Chamebers Dictionary of Etymology, s.183). Ýöne köç > göç bilen atyň ararsynda baglanyşyk bardygy aýdyň. Bu baglanyşygy rus dilinde görse bolýar. Çünki bu dilde koç sözi “göçüp-gonmakda ulanylýan üsti örtülgi araba” manysynda ulanylýar.

Häzirki zamanda iňlis dilinde “awtobus” manysynda ulanylýan coach (okalyşy: kowç) sözi-de göç bilen baglanyşykly bolmaly. Bu söz iňlis diline 1556-njy ýylda orta fransuzçadan coche görnüşinde (okalyşy: koş) giripdir. Bu fransuzça söz, wenger dilinden nemes diline kotsche (okalyşy: koçe) görnüşinde geçen sözden alnypdyr. Bu söz häzirki zaman nemes dilinde kutsche (okalyşy: kuçe) görnüşinde ulanylýar. Göç çeker sözünden dörän “koç” wariantlary ýewropa dilleriniň hemmesinde diýen ýaly eýýäm ir wagtlarda ymykly ornaşypdyr: ispan we portugal dillerinde coche, italýan dilinde cocchio, golland dilinde koets, polýak dilinde kocz bolupdyr… (Chambers … şol ýerde). Rus dilinde-de, öň-de belläp geçişimiz ýaly, türkiden geçen hem-de “göçüp-gonmakda ulanylýan üsti örtülgi araba” manysynda коч (koç) sözi we ondan dörän кочевать (koçewat), кочёвка (koçýowka) ýaly göçmek bilen baglanyşykly birnäçe söz bar. Koç sözünden кибитка (kibitka) sözi döräpdir (Irek Bikinnin, s. 4). Кош (Koş) sözi-de rus dilinde “çadyr, lager” ýaly manylarda ulanylýar; кучер (kuçer) sözi-de “awtobus [iňlisçe coach] sürýän” diýmekdir.

Atly goşunyň pyýada goşundan üstünligi taryhda birinji gezek atly german kowumlarynyň (rimliler olara warwarlar diýipdirler) 378-nji ýylda rimlileriň pyýada goşunyny ýeňende görlüpdir. Ýöne söweşde eýeriň üstündäki pyýadadan elmydam  üstün çykybam durmandyr. Atlynyň üstünligi üzeňňi diýilýän guralyň ulanylmagy, ylaýta-da bu guralyň ýaýramagy bilen başlanypdyr. Eýeriň üstünde oturana örän köp hereket mümkinçiligini beren bu gural arabadyr eýerden soňra tapylan iň uly täzelik hökmünde görülýär.

Üzeňňini haçan we haýsy halkyň oýlap tapanlygy baradaky maglumatymyz arheologiýa arkaly tapylan materiallar bilen baglanyşykly. Arheologiki maglumatlara görä, üzeňňi biziň eramyzdan öňki döwrüň soňky asyrlarynda Içerki Aziýa sähralarynda tapylypdyr (Ş. Tekin, s. 71).

Uly pars imperatory Kambyses, biziň eramyzdan 500 ýyl öň, üzeňňisiz atyna böküp münende ýaragy göwresine sanjylyp ölüpdir. Soňraky döwürlerde Sasanid döwletiniň (226-651) atlylarynyň üzeňňileriniň ýokdugy şol döwrüň atlylarynyň suratlarynda görülýär. Günbatarda, Rim we Wizantiýada 700-nji ýyla çenli bolan suratlarda we heýkellerde atlylaryň üzeňňisi ýok. Üzeňňiniň Ýewropada VIII asyrdan ulanylyp başlanandygyna ynanylýar.

Yslam dünýäsinde-de üzeňňi, arap goşunlary Sasanid häkimiýetini ýykyp, Aziýanyň içine aralaşandan soňra, ýagny VII asyryň soňlarynda, ulanylyp başlapdyr.

Arabystan we Hindistan ýaly gyzgyn klimatly ýerlerde ata ýa-da başga bir haýwana aýakýalaňaç, ýa-da türkmen halk gepleşiginde ýelken diýlip atlandyrylýan aýaga ildirilýän çepek köwüşli münen adamlaryň ulanan gowşak düwün ýa-da halka görnüşindäki üzeňňisine aýagyň diňe başam barmagy ildirilýän eken. Araplar muňa ġaraz ﻏﺮﺯ diýipdirler. Arap dilinde bu sözüň düýp işligi “ildirmek” diýmek (M. Sarı, s. 1087-1088). Sowuk yurtlarda bu tilsim bilen gyzyklanan bolmandyr.

Ilki üzeňňileriň iňlislerde-de ýüpden bejerilendigini olaryň dilinde üzeňňi üçin ulanylýan stirrup sözüniň etimologiýasyndan bilse bolýar. Bu sözüň asyl manysy “ýüpden halka”. Bu söz gadym iňlis dilinde stirap, stigrap, orta iňlis dilinde-de stirop, styrope. Bular gadym iňlis dilinde “ýokary çykmak” manysyndaky stigan infinitiwinden döräpdir. Sözleriň soňundaky – rap we rope “tanap, ýüp” diýmek. Sözüň bu iki bölegi bilelikde “münmek we yokary çykmak üçin ulanylýan ýüp” manysyny aňladýar.

 “Üzeňňi” diýilýän gural, gyzgyn bolmadyk klimatlarda, meselem, Içerki Aziýa sähralarynda türki halklar, şol sanda türkmenler tarapyndan biziň eramyzdan öňki asyrlarda döredilipdir. Soňra-da bütin dünýä, ylaýta-da Rim we Wizantiýa dünýäsine awarlar tarapyndan ýaýradylypdyr (Ş. Tekin, s. 73).

 Üzeňňi sözüniň gelip çykyşy hakda üýtgeşik düşünjeler bar. Bu söz hakynda birinji düşündiriş beren osmanly sözlükçi Şemseddin Samidir. Ş. Sami “üzengi” sözüniň üzenmekden gelendigini ýazýar (Ş. Sami, s. 204). W. Bang, bu sözüň ýokary çykma hereketi bilen baglanyşygyny göz öňünde tutup, “üst” manysyndaky üze bilen baglanyşykly bolup biljegini ýazýar (Bang, s. 204). Käbir türkologlar bu sözüň mongolça dörüge sözünden çykandygyny aýtsalar-da, bu düşünjä garşy çykan köp bolupdyr. Olar bu mongol sözüniň wokalizm taýdan üzengi sözi bilen utgaşmaýandygyny nygtaýarlar.

Üzeňňi beýleki türki dillerde zöňgi, üzeňgi, üzenge, üzöngi ýaly görnüşlerde bar. Garagalpak dilinde üzengi sözi bar, bu sözüň zeňgi görnüşi-de bu dilde “merdiwan” diýmek (Eren, 430). Türk diliniň halk gepleşiginde-de üzgü “merdiwan” manysynda ulanylýar (D.S., t. XI, s. 4085). Eren, çeşme görkezmän, türk dilinde üzgeç sözüniň “ýüp merdiwan” manysynda bardygyny ýazýar hem-de “üzengi” sözüniň üz- işliginden dörändigine ynanýar we düşünjesini subut etmek üçin türkmen dilinde ulanylýan aýagyňy ýerden üzmek jümlesini görkezýär (Eren, 430). Gadymy tekstlerde bu söz izengü we izengülük görnüşlerinde-de ulanylypdyr. Üzeňňi sözi başga dillere-de üýtgeşik görnüşlerde geçipdir- bolgar dilinde zengiýa, arap diliniň halk gepleşiklerinde zengawa görnüşinde bar. Üzeňňi sözi birinji gezek ”Kutadgu Bilig” kitabynda ulanylypdyr:

Kara tapsa begler bedüýür kopar

Üzengü bar erse çigen berk kapar

Halk wezipesini ýerine yetirse begler ulalar

Üzeňňi bar bolsa (adam) uýany gaýym tutar” (K.B., 6110-njy setir).

Ýokarda beýan edilen düşünjeleriň esasynda üzeňňiniň merdiwan ýaly ulanylýan ýüpden taslanan bir gural bolandygyny kabul etse bolar. Ýöne, Ş. Tekin, bir uýgur tekstinde geçen “daban” manysyndaky izengülük sözi esasynda, üzeňňiniň aslynda XI asyrdan öň dabanlyk ýaly bir manyny aňladandygyny, XI asyrdan soňra başyndaky /i/ sesiniň /ü/ sesine öwrülendigini yazýar (Ş. Tekin, s. 80).

Gadymky görnüşi üzengi ýa-da üzengü bolan bu söz türkmen dilinde üzeňňi bolupdyr. Üzeňňisinden üç geçmek-de “ýaranjaňlyk etmek” diýmek. Magtymgulyda şeýle bir setir bar:

Ol ne adamzatdyr, bir at münerler

Üzeňňisi suwdan, jylawy batdan.

Şahyr, “Üçi öwlatdan” atly goşgusyndan alnan bu setirlerde suwda ýüzen gämini nazarda tutup, tapmaça görnüşinde sorag beripdir.

Eýeriň birnäçe müň ýyllyk geçmişi bar. Içerki Aziýada biziň eramyzdan bäş asyr öňki döwre degişli doňup galan bir gabyrda keçe, gaýyş we gyzyldan bejerilen nagyşly eýer örtükleri tapylypdyr. Biziň eramyzdan 200 ýyl öň-de Aziýa atlylarynyň keçeden hem agaç çarçuwaly eýerleriniň bolandygy hakda arheologiki maglumatlar bar. Türkmenleriň “At almankaň, eýer al” diýen ýaly atçylyga degişli ençeme nakyllary-da, belki-de, olaryň at medeniýetiniň örän gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýandygyny görkezýän dilde saklanyp galan alamatlardyr?

Eýer sözüniň gelip çykyşy-da çylşyrymly bir soragdyr. Bu barada üýtgeşik düşünjeler bar. Gadymy tekstlerde eḏer (edher) görnüşinde geçen bu söz, häzirki zaman Türki dillerde eýer, iýer, eger, eňer, ezer, izer ýaly görnüşlerde ulanylýar. Üzeňňi sözi ýakut dilinde myr, çuwaş dilinde-de ýener bolupdyr. Mongol dilinde eýer üçin inggirçag we ýanggirçag sözleri ulanylýar. Bularyň ikinjisi “eýer” hem-de “palan” manysynda ulanylýar (F. D. Lessing, t. I, s. 683). Bu ýerdäki +çag goşulmasy mongol dilinde bar bolsa-da, türkmen we beýleki käbir türki dillerde +çak, +çuk, +sak, +suk, +sa / +se görnüşlerinde +lyk/ +lik goşulmasynyň wezipesini ýerine ýetirýärler. Şu sebäpden, edil izengülük mysalynda bolşy ýaly, “eýer” manysynda ulanylýan sözüň soňuna +lyk/ +lik goşulmasynyň wezipesini ýerine ýetirýän bir goşulma goşulypdyr. Başgaça aýdanyňda, eýer, eýerlik bolupdyr. Türkolog Doerfer-de inggirçag/ýanggirçag sözüniň türki sözdügini ýazypdyr (TMEN, 562). Bu söz çuwaşça ýener bilen baglanyşykly ýaly görünýär.

Görnüşine görä, eýer sözüniň etimologiýasy örän çylşyrymly. Biz häzir bu meseläni goýup, türkmen eýeriniň başga bir aýratynlygyny derňäp göreliň. Belli bolşuça, gadym türkmen eýerleriniň gaşy we arka tarapy goçuň şahy ýaly egridir – ol tutuşlygyna bir dag goçunyň şahyny ýada salýar. Bu goçlara gadym wagtlarda goňurbaş diýlipdir. Şamanizmde dag mukaddes mekan hasap edilýär. Häzirki zamanda Günorta Amerikanyň şamanistleri her ýyl belli bir wagtda dagda festiwal geçirýärler. Mukaddes bolan daglarda ýaşaýan goňurbaş ýaly haywanlara-da öwlüýa mertebesi berilýär. Şonuň üçin gadym türkmenler mukaddes dagyň mukaddes haýwany uçin ”Goňurbaş mukamy” atly sazy döredipdirler. Türkmenistanyň günbatarynda salnan keçelerde-de goçuň şahy giňden ulanylýar. Bu keçeleriň nagyşlary öýjükleriň içindäki goçuň şahyndan ybarat. By öýjükleriň her birine bir emzik diýilýär. Keçeleriň iň ulusy bäş emzikli bolýar. Bu ýerdäki emzik sözüniň asly ümzük. Bu söz-de “eýeriň başyndaky we soňundaky (goç şahy ýaly) iki ujy egri bolandiýmek (DLT, t. I, s. 105). Gadym türkmen ýaýlarynyň-da iki ujy goçuň şahyna meňzeýär. Bu-da türkmen sungatynda goç nagşynyň ähmiýetini görkezýär. Türkmen halysynda goçdan başga dag nagşy hem bar. Bu nagyş, Orhon-Ýeniseý elipbiyiniň /t/ ýa-da /ta/ harpyna meňzeyär. Onsoň, bu harp dag nagşyndan alnypmy ýa-da dag nagşy Orhon-Ýeniseý harpyndan alnypmy – ony kesgitlemek kyn.

“At almankaň eýer al” diýen nakyl, öz göçme manysyndan başga-da, türkmenleriň ir wagtlardan bäri eýere giňden üns berýänligini-de görkezýär. Magtymgulyda şeýle bir setir bar:

Bedewde bedew bar alarlar zere,

Bedew bardyr degmez jula, eýere.

Magtymgulyda bu sözden dörän eýerlenmiş, eýerlenen ýaly sözleriň-de ulanylýandygyny görýäris:

Maly-dünýä yssy bermez, bazygärdir aldadyr

Ol eýerlenmiş byragdyr, hülle donlar andadyr.

Ýa-da:

Oba ujundaky depe

Eýerlenen ata meňzär.

Birinji beýdiň birinji setirindäki yssy sözi häzirki zaman türkmen dilinde ulanylýan”gyzgyn” manysyndaky yssy däl. Bu sözüň asly ‘peýda” manysyndaky asyġ. Soňundaky /ġ/ sesi düşensoň, asy bolupdyr. Bu söz gadym türkmen dilinde assy bolupdyr. Assy sözi halk gepleşiginde yssy görnüşine öwrülen bolsa gerek.

Eýeriň bir görnüşiniň şamanizm bilen baglanyşygynyň bardygyny aýtdyk, emma atyň-da şamanizmde uly ähmiyete eýe bolandygyny bellemek gerek. Şamançylyk mifologiýasynda we rituallarynda at bir “ölüm haýwany” hasap edilýär. Başgaça aýdanyňda, mistik ýolagçylyga mümkinçilik döredýän, “özüňden geçme” ritualynda ýardamçy bolýan haýwan diýlip kabul edilýär. Bu mistik ýolagçylykda at, şamanyň diňe ýer astyna barmagyna däl, onuň uçmagyna, göge çykmagyna-da mümkinçilik döredýär. At, şamanizm düşünjesine görä, öleni bu dünýäden o dünýä göterip eltýär.

Burýat şamanlarynyň özünden geçme (muňa sufizmde jezbe diýilýär) tanslarynda, ujunda atyň kellesiniň görnüşi bolan ýabalar ulanylýar. Dünýäniň başga ýerlerinde-de şamanlar agaçdan at şekilleri bilen üýtgeşik rituallary ýerine ýetirýärler. Hindistanyň käbir ýerlerinde ölini atyň üstünde mazara eltýärler, mazarlaryň içine yerleşdirilen tagtalaryň üstüne-de at figurlary ýerleşdirilýär (M. Eliade, s. 509-510). Şaman rituallarynda, eger atyň özi ýok bolsa, bu haýwan, gyr atyň ýakylan gyllary ýa-da şamanyň üstünde oturan ak atyň derisi görnüşinde rituala gatnaşýar. Şamanizmde simwolik at münme ýa-da at üstünde ýolagçylyk, ruhuň bedenden aýrylmagyny, şamanyň “mistik ölümini” suratlandyrýar.

 Sözümizi jemläp aýtsak, türkmenleriň söýgüli jandary, wepaly dosty bolan at bilen baglanyşykly käbir sözleri, örän uzak ýollary geçip, eýýäm orta asyrlarda dünýäniň ençeme dillerine aralaşypdyr. Ol sözleri bu günki gün durmuşda gündelik ulanyp ýören ýewropalylar köplenç ol sözleriň haýsy dilden gelenini güman hem edenoklar. Çünki ol sözler asyrlaryň dowamynda uýgunlaşyp, iňlisleriň, fransuzlaryň, nemesleriň hut öz doga sözleri ýaly bolup gidipdir. Biz bu makalada şeýle sözleriň diňe käbirlerine syn berdik. Emma geljekde dilçi türkmen alymlarynyň ýene-de ençeme şeýle sözleriň üstüni açjakdygyna ynansa bolar. Sebäbi atçylyk sungatynda türkmenleriň ata-babalary bütin Gündogara belli bolupdyrlar. “At – adamyň ganatydyr” diýip, adampisint almagöz bedewlere belent baha beren türkmenleriň atçylykdaky üýtgeşik başarnygy bilen bagly at-owazasy ýewropa ýurtlaryna-da ir döwürlerde baryp ýetipdir we olaryň dillerinde öçmejek yz goýupdyr.

Türkmen alymlaryna indi ata, atçylyga degişli sözleri, terminleri tapyp, öwrenip, derňäp, il-güne ýetirmek hormaty garaşýar. Entek şeýle sözleriň öwrenilmän, hatda köpçülige mälim bolman galýanlary-da az däl bolsa gerek. Meselem, atçylykda uly ähmiýete eýe bolan igdiş sözi, gynansak-da, häzirlikçe türkmen diliniň sözlüklerinde ýok. Bu örän geň zat. Eýse, sözlüklere girmän galan şeýle täsin hem gymmatly sözleriň ýene-de näçesi barka? Iň bärkisi ol sözleriň bir ýa-da iki däldigini çaklasa bolar. Diýmek, hut şunuň özi-de türkmen dilinde “ATÇYLYK TERMINLERINIŇ SÖZLÜGINI” düzmegiň zerurdygyny görkezýän ýagşy alamatlaryň biri dälmidir nä?

Ýene-de okaň

“Türkmen” sözünıň gelıp cykyşy : Beýik Türk diýmekmi?

Häzirki Zaman Pars Dilinde Türkmen we Türki Sözler

Türkmen gowurma nahary – türki sözleriň iňlis diline geçişiniň nyşany

”Kaşyk” we ”Kalam” – Galam” sözleri barada: Söz kökümiz-öz kökümiz

Bir ýanýoldaş gidende, gidýän diňe bir öýdäki ýoldaşyňyz däl

“Ölýänçäm kakam bolup bilersiňmi?”