JEMGYÝET

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio Merkezi Aziýada saparda bolar

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary Marko Rubio 2026-njy ýylyň ikinji ýarymynda Merkezi Aziýa ýurtlaryna sapar bilen barmaga we “C5+1” formatynda sebitara duşuşygyny geçirmäge meýilleşdirýändigini mälim etdi.

Ol bu barada ABŞ-nyň Kongresiniň Wekiller palatasynyň Daşary işler komitetindäki mejlisde belläp geçdi we şol bir wagtda Prezident Donald Trampyň administrasiýasynyň söwda çäklendirmeleri baradaky garaýyşlaryny belläp geçdi.

Rubionyň bellemegine görä, ABŞ-nyň ýerine ýetiriji häkimiýeti ozal ABŞ-nyň birnäçe Merkezi Aziýa döwletleri bilen söwda gatnaşyklaryny çäklendiren Jekson-Wenik düzedişiniň ýatyrylmagyny goldaýar. Ol administrasiýanyň pikiriçe, şeýle ädimiň ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin peýdaly bolup biljekdigini nygtady.

Döwlet sekretary ABŞ-ny we Merkezi Aziýanyň bäş ýurduny — Gazagystany, Gyrgyzystany, Täjigistany, Türkmenistany we Özbegistany birleşdirýän C5+1 formatyndaky duşuşygy geçirmek meýilnamasyny hem tassyklady. Bu özara täsir mehanizmi 2015-nji ýyldan bäri işjeň hyzmatdaşlyk meýdançasyna öwrüldi.

Related posts

Türkmenistanyň wekiliýeti «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» halkara ykdysady forumyna gatnaşýar

Gazprom, Türkmenistan ile 5 yıllık gaz alım anlaşması imzalamak istiyor

vepa

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine kazy bellendi