JEMGYÝET

Milli Liderimiz “Aşgabat” atly täze kitabyny ýazýar

Milli Liderimiz  Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelip, behişdi bedewler bilen didarlaşdy hem-de döredijilik bilen meşgullandy.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerdäki iş otagynda döredijilik bilen meşgullandy. Hormatly Prezidentimiz ak mermerli paýtagtymyzyň taryhyna hem-de häzirki döwürde ýeten derejesine, berkarar bolmagyna bagyşlanan “Aşgabat” atly kitabynyň soňky babyny ýazmaga girişdi.

Döwlet Baştutanymyz täze kitabynda Aşgabadyň taryhyna, şäherde asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgeleriň ösdürilýändigi, paýhasly pederlerimiziň döreden gymmatlyklaryna hem-de halkymyzyň asylly däp-dessurlaryna aýratyn ähmiýet berilýändigi bilen bagly maglumatlary bir ýere jemledi.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabada bagyşlanan eseri döredýän wagtynda ylmy maglumatlara we ygtybarly edebi çeşmelere esaslanyp, türkmen halkynyň baý taryhyny, il arasynda ýörgünli rowaýatlary, halk döredijiliginiň eserlerini içgin öwrenýär. Bu bolsa täze işiň gymmatyny hem-de ähmiýetini artdyrýar.

Halkara Nowruz gününiň bellenilýän hem-de Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görülýän günlerde täze taýçanagyň dünýä inmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylhamyny joşdurdy.

Döwlet Baştutanymyzyň şatlykly pursatlara ylhamy joşup, “Ak şäherim Aşgabat” atly goşgyny döretdi we ony hem täze kitapda ýerleşdirmegi makul bildi.
Aziýaň dür-merjeni,
Ak şäherim Aşgabat!
Dost-doganlyk merkezi,
Ak şäherim Aşgabat!

…Galkyp ganat gerdigim,
Sap söýgüden gurdugym,
Ýüregi sen ýurdumyň,
Ak şäherim Aşgabat!

Şeýlelikde, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallalary netijesinde, asyrlaryň we nesilleriň arabaglanyşygyny özünde jemleýän milli ýörelgeler giňden wagyz edilýär.

Akhanyň taýyna Aşgabat ady dakyldy

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum ruhy Lider Aýatolla Hameneýi üçin guralýan çäre gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy Aşgabatda bellendi