SPORT

Türkmenistanyň futbol çempionaty başlaýar

4-nji aprelde Türkmenistanyň futbol boýunça Ýokary ligasynyň täze möwsümine resmi taýdan badalga berler. Nobatdaky çempionatda dört aýlaw boýunça sekiz topar — “Arkadag”, “Ahal”, “Altyn Asyr”, “Şagadam”, “Nebitçi”, “Aşgabat”, “Merw” we “Köpetdag” çykyş eder.

Çempionatyň birinji hem-de ikinji aýlawlarynyň duşuşyklary 2026-njy ýylyň 4-nji apreli bilen 20-nji iýuny aralygynda geçiriler. Üçünji we dördünji aýlawlaryň oýunlary bolsa möwsümiň ikinji ýarymynda dowam etdiriler.

Täze möwsümiň ilkinji gününde, 4-nji aprelde “Ahal” bilen “Köpetdag”, şeýle hem “Şagadam” bilen “Nebitçi” toparlary özara güýç synanyşarlar. Ertesi gün, 5-nji aprelde “Arkadag” — “Merw” hem-de “Altyn Asyr” — “Aşgabat” toparlarynyň arasyndaky duşuşyklar geçiriler.

Ýeri gelende bellesek, geçen möwsüm Türkmenistanyň çempionaty “Arkadag” toparynyň ýeňşi bilen tamamlanypdy. “Ahal” topary kümüş medala mynasyp boldy, “Altyn Asyr” bolsa üçünji orny eýeledi.

Şeýle-de, Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky Türkmenistanyň birinjiligine 3-nji aprelde badalga berler.

Sekiz toparyň gatnaşmagynda geçiriljek ýaşlar birinjiligi hem dört aýlawdan ybarat bolar. Duşuşyklar uly toparlaryň oýunlaryndan bir gün öň geçirilip, toparlar öz meýdanlarynda we myhmançylykda çykyş ederler.

Geçen möwsüm ýaşlaryň arasyndaky birinjilik “Arkadag II” toparynyň ýeňşi bilen tamamlanypdy.

Täze möwsümiň ilkinji tapgyrynda “Ahal II” — “Köpetdag II”, “Şagadam II” — “Nebitçi II”, “Arkadag II” — “Merw II” hem-de “Altyn Asyr II” — “Aşgabat II” duşuşyklary geçiriler. Bu duşuşyklar 3-nji hem-de 4-nji aprelde geçiriler.

 

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri 3 aýda 123 medal gazandy

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär