2026-njy ýylyň 2-nji aprelinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedowyň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Hwtisiaşwili bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmegiň geljegi uly bolan ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar hususan-da syýasy, ykdysady, ulag we energetika ulgamlarynda özara gatnaşyklary giňeltmek meselelerine aýratyn üns berdiler. Strategiki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda ikitaraplaýyn saparlaryň orny barada nygtalyp geçildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyna degişli resminamalaryna hem seretdiler we olary mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň hem-de berkitmegiň zerurdygyny bellediler.
