JEMGYÝET

Aziýa Kubogy–2027: ertir Türkmenistan Tailand bilen duşuşar.

Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysy Bangkok şäherine bardy. Milli ýygyndymyz 31-nji martda Aziýa kubogy — 2027-niň saýlama tapgyrynyň toparlaýyn oýunlarynyň jemleýji duşuşygynda Tailandyň ýygyndysy bilen duşuşar.

Duşuşyk «Rajamangala» stadionynda geçiriler. Oýun Aşgabat wagty bilen sagat 17:30-da başlar.

Jemleýji tapgyryň öňüsyrasynda «D» toparyndaky iki toparyň hem 12 utugy bar, emma Türkmenistanyň ýygyndysy goşmaça görkezijiler, şol sanda özara duşuşygyň netijesi boýunça birinji orny eýeleýär: 2025-nji ýylyň iýun aýynda Aşgabatda Röwşen Meredowyň şägirtleri garşydaşyndan 3:1 hasabynda üstün çykypdy.

Toparda 6 utuk bilen Şri-Lankanyň ýygyndysy üçünji orunda barýar. Hytaý Taýbeýiniň ýygyndysynda bolsa utuk ýok.

«D» toparynyň ýeňijisi Saud Arabystanynda geçiriljek Aziýa kubogy — 2027-niň final tapgyryna gönüden-göni gatnaşmaga hukuk gazanar.

Related posts

Türkmenistanyň daşary işler ministri Owganystanda saparda boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen Lideri, Özbekistan Yeni Devlet Başkanını kutladı

vepa

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Aşgabat-Moskwa gatnawlary täzeden başlaýar

Ata Watan Eserleri