MEDENIÝET

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

«Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde Russiýanyň kino festiwalynyň dabaraly açylyşy boldy. Çäre Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrliginiň goldawy bilen «ROSKINO» tarapyndan guraldy.

Açylyş maksatnamasy çagalar üçin interaktiw bölümi öz içine aldy: ýaş myhmanlary erteki gahrymanlary — Buratino, Malwina we Pýero hezil etdirdiler. Çäräniň resmi bölegi Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisiniň adyndan gutlag sözi bilen dowam etdi.

Festiwalyň çäginde tomaşaçylara Russiýanyň kinematografiýasynyň 2025-nji ýyldaky täze eserleri hödürlenýär:

  • «Buratino» (režisýor Igor Woloşin);

  • «Doktor Dinozawrow» (režisýor Maksim Wolkow);

  • «Gnomlaryň hazynalary» (režisýorlar Aleksandr Babaýew, Wasiliý Rowenskiý);

  • «Gurbaga şa gyzy» (režisýor Aleksandr Amirow).

Kino görkezişleri medeni gatnaşyklary berkitmek we türkmen tomaşaçylaryny rus režisýorlarynyň döwrebap işleri bilen tanyşdyrmak maksady bilen guraldy.

Related posts

Milan ýene-de sungat bilen duşuşýar

Türkmenistanda Tatarystanyň Medeniýet günleri geçirilýär

Kann kinofestiwaly yza süýşürildi