MEDENIÝET

Ilkinji zenan režissýor

Kino taryhynda  yz goýan ilkinji zenan režissýor Alis Gi-Blaşe 1873-nji ýylda Fransiýada dünýä indi. Leon Gomon studiosynda kätip wezipesinde işläp, 23 ýaşynda öz filmini döretdi.Ol 1896-njy ýylda döreden gysga filmi bilen dünýäde ilkinji zenan režisýory boldy.  Birnäçe ýyllar geçenden soň fransuz teleýaýlymyna beren söhbetdeşliginde Gomonyň oňa “Biderek edilen iş, ýagny zenanyň ýönekeý işi ýaly görünýär, emma isleýän bolsaň ýerine ýetirip bilersiň. Elbetde, bir şert bilen, ofisdäki işiňe ýeňil-ýelpaý seretmejek bolsaň” diýen sözlerini aýdyp geçdi.

Eýber Blaşe durmuşa çykandan soňra 1907-nji ýylda ABŞ-a göçüp, 1910-njy ýylda ol ýerde “Solax” studiosyny acýar . Ol 1953-nji ýylda “Legion d Honneur” baýragyna mynasyp bolupdyr. 1968-nji ýyla çenli müňden gowrak film çekipdir, emma diňe ýüze golaý filmi biziň günlerimize gelip ýetipdir.

2012-nji ýylda Eýber Blaşe üçin täze bir mazar daşy galdyryldy. Öňki mazarlygynda diňe bir ady, ýaşan ýyllary ýazylgy bolsa, täzelenen mazar daşynda “Ilkinji zenan režisýor”, “Solax studiosynyň eýesi” ýaly ýazgylar ýerleşdirildi.

 

Ýer ýüzüniň ilkinji zenan lukmany

Ýene-de okaň

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berdi

Ata Watan Eserleri

Ýewraziýa döwletleriniň muzeý ýolbaşçylarynyň Birinji forumy geçirildi