MEDENIÝET

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň aprel aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň Tertibi barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, geljek aýyň dowamynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy, Bütindünýä saglyk güni, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dürli çäreleriň we dabaralaryň, şol sanda maslahatlaryň, sergileriň, döredijilik duşuşyklarynyň, wagyz-nesihat çäreleriniň, bäsleşikleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemlerini jemlemek meýilleşdirilýär.

Şeýle hem paýtagtymyzda “Turkmentravel — 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisiniň we maslahatyň, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň simfoniki orkestriniň baýramçylyk konsertiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda aprel aýynda Bütindünýä saglyk güni, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçiriljek we beýleki çärelere gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Şeýle-de döwlet Baştutanymyz wise-premýere medeni-durmuş maksatly binalaryň düýbüni tutmak hem-de ulanmaga bermek dabaralaryny ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener