BIZNES

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

Belarusuň Söwda-senagat edarasynyň Mogilýow we Minsk bölümleri tarapyndan Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy bilen bilelikde, 15-19-njy mart aralygynda belarus kärhanalarynyň wekiliýetiniň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergä gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine sapary guraldy.

«Brest elektrotehniki zawody» AGPJ, «Klimowiçi LWS» AGPJ, «Belinvesttorg» HJ, «Koswik» HJ, «Mogilýow wagon gurluşyk zawody» PJAGPJ, «Sistemnyýe tehnologiýi» HJBS, «Krasnyý pişewik» AGPJ, «Belşina» AGPJ, «Frutreal» HJ,  «Grodno et kombinaty» AGPJ, «SOFTKLUB» ABS HJ, «Fregat NS söwda öýi» HJ, «Minsk Kristal Grupp» AGPJ ýaly kärhanalaryň wekilleri Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň agzalary, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylary, döwlet edaralarynyň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň öňdebaryjy kärhanalary bilen duşuşyklary we gepleşikleri geçirdiler.

Gepleşikleriň dowamynda türkmen hyzmatdaşlary bilen häzirki wagtda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk meseleleri, harytlaryň we hyzmatlaryň özara üpjünçiligini artdyrmagyň geljegi, şeýle hem iki ýurduň çäginde geçiriljek kongres we sergi çärelerine türkmen we belarus kärhanalarynyň gatnaşmagy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Belarus wekiliýetiniň agzalarynyň Belarusiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Stanislaw Çepurnoý bilen duşuşygy boldy.

Ýene-de okaň

Belarusyň işewür wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Italýan firmalary «Turkmentextile Expo-2026» atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşar

«Aýdyň gijeler» hytaýly hyzmatdaşlary bilen emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrar

Türkmen-yrak ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär

Türkmenistanda ýolagçy wagonlaryny abatlanar

Bütindünýä Söwda Guramasy agzalyk: milli gepleşik topary dörediler