JEMGYÝET

Dünýä liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Oraza baýramy bilen gutlaýarlar

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň doganlyk halkyna musulman dünýäsinde uly şatlyk bilen bellenilýän mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden arzuwlarymy beýan edýärin. Biziň doganlyk halklarymyz Oraza aýyny hoşallyk duýgulary hem-de özara raýdaşlyk ruhunda geçirip, bu baýramy ylalaşyk, rehimdarlyk güni hökmünde şatlyk-şowhun bilen garşylaýarlar.

Biziň ýakynda geçirjek ýokary derejedäki duşuşygymyzyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary dost-doganlyk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan hil taýdan täze strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarmaga ýardam berjekdigine ynanýaryn.

Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, uzak ömür, jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş hem-de rysgal-bereket dileýärin.

Hormatlamak bilen,

Şawkat Mirziýoýew,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi hem-de ähli türkmen halkyny Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu nurana baýram mynasybetli iň hoşniýetli arzuwlarymy kabul ediň!

Biziň halklarymyz gadymy döwürlerden bäri yslam dininiň asylly ýörelgelerini alamatlandyrýan Oraza aýynyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna belent sarpa goýýarlar. Bu mukaddes aýyň üýtgewsiz gymmatlyklary esasynda täjik-türkmen dostluk, özara düşünişmek hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geljekde-de iki ýurduň halklarynyň bähbidine has-da giňeldiljekdigine we pugtalandyryljakdygyna, ösüşiň täze belentliklerine ýetiriljekdigine ynanýaryn.

Ähli musulman dünýäsi üçin şu şatlykly günlerde Beýik Biribardan Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, täze üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, asudalyk, abadançylyk, rysgal-bereket hem-de rowaçlyk dileýärin.

Hormatlamak bilen,

Emomali Rahmon,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Sizi we Türkmenistanyň doganlyk halkyny öz adymdan, şeýle hem azerbaýjan halkynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň bilelikdäki tagallalar netijesinde umumy taryhy-medeni kökler bilen baglanyşan halklarymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Bu baýram günlerinde Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Ilham Aliýew,
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Mukaddes Oraza baýramyňyz gutly bolsun!

Prabowo Subianto,
Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňize Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmek bilen, şu sahawatly günlerde Beýik Biribardan Size hem-de ähli musulman ymmatyna abadançylyk, rysgal-bereket eçilmegini dileýärin.

Hormatly jenap Prezident, bu mukaddes aýda eden doga-dilegleriňiziň kabul bolmagyny dileýärin! Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, dostlukly halklarymyza bolsa ösüş we abadançylyk arzuw edýärin. Baýramyňyz mübärek bolsun!

Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Abdel Fattah Al-Sisi,
Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi mukaddes Oraza baýramy bilen gutlaýaryn. Hindistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan Size we Türkmenistanyň doganlyk halkyna Oraza baýramy mynasybetli iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Hindistanyň, şeýle hem tutuş dünýäniň musulmanlary mukaddes Oraza aýynda agyz beklediler we doga-dileg etdiler. Oraza baýramy rehimdarlyk, dost-doganlyk, agzybirlik ýaly müdimi gymmatlyklary dabaralandyrýar. Biz tutuş adamzadyň parahatçylykda, özara ylalaşykda ýaşamagy, olaryň jan saglygy we bagtyýarlygy barada dileg edýäris.

Goý, ýurtlarymyzyň halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary has-da pugtalansyn!

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Narendra Modi,
Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Size, Siziň ýakynlaryňyza, şeýle hem Türkmenistanyň doganlyk halkyna Nowruz we Oraza baýramlary mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn. Bu baýramlar parahatçylyk, duýgudaşlyk, raýdaşlyk ýaly ählumumy gymmatlyklary özünde jemleýär. Bu şatlykly günler biziň sazlaşyga, özara hormat goýmaga, hyzmatdaşlyga umumy ygrarlylygymyzy ýene bir gezek tassyklamaga mümkinçilik berýär.

Geçen ýylyň dekabrynda halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmak üçin Siziň ajaýyp ýurduňyza amala aşyran saparymy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn.

Mümkinçilikden peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we abadançylyk, parahatçylyk, ösüş, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa bagtyýarlyk arzuw edýärin.

Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Muhammad Şahbaz Şarif,
Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyna Owganystanyň halkynyň adyndan Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.

Türkmenistan we Owganystan iki goňşy ýurt hökmünde ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak, Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine gönükdirilen iri taslamalary durmuşa geçirmek arkaly Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda yzygiderli tagalla edýärler. Biz öz tarapymyzdan özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ygrarlydygymyzy tassyklaýarys.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, üstünlik, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa bagtyýarlyk hem-de abadançylyk arzuw edýärin.

Alhaj Molla Mohammad Hasan Ahund,
Owganystanyň Premýer-ministri.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňize hut öz adymdan, şeýle hem Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sekretariatynyň hem-de institutlarynyň işgärleriniň adyndan Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy ibermegi özüme mertebe hasaplaýaryn. Gudraty Güýçli Allatagaladan Türkmenistana we ähli musulman ymmatyna parahatçylyk hem-de abadançylyk dileýäris.

Siziň Alyhezretiňize çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Hisseýn Brahim Taha,
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Dinara gatnaşyklar boýunça dikasteriýanyň adyndan Siziň Alyhezretiňizi Oraza baýramy bilen gutlamagy özüme mertebe saýýaryn. Pursatdan peýdalanyp, hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize iň gowy arzuwlarymy we belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy beýan edýärin.

Marek Solçinskiý,
Türkmenistandaky Apostol nunsiýasy.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýyň halkara atçylyk toplumyna baryp gördi

Türkmen halkynyň Milli Lideri ahalteke bedewleriniň hytaýly muşdaklary bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Hytaýly atşynaslar Türkmen bedewiniň milli baýramyna çagyryldy

Türkmenistanyň Prezidenti Oraza baýramy bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystanyň Prezidentini syýasy ulgamdaky özgertmeleri bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

Oraza aýynyň tamamlanmagy mynasybetli baýram namazy 20-nji martda okalar