JEMGYÝET

Türkiýäniň Mejlisiniň Başlygy Türkmenistana geldi

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň (TBMM) Başlygy Prof.Dr. Mustafa Şentopyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet resmi sapar bilen Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada geldi. Bu barada “Anadoly” agentligi habar berýär.

Aşgabat şäheriniň halkara howa menzilinde hormatly myhmany Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary Kasymguly Babaýew we Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral garşylady.

TBMM-niň Başlygy Mustafa Şentop Türkmenistanda birnäçe gepleşikler geçirer. Şeýle hem Mustafa Şentop Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Mejlisinde deputatlaryň öňünde çykyş eder.

Related posts

Türkmenistanyň ýolbaşçylary Şawkat Mirziýoýewi gutladylar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanjak konsert

Ata Watan Eserleri

Aşgabat şäherinde ulaglaryň hereketi çäklendiriler

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment