JEMGYÝET

Türkmenistana ÝHHG-niň synçylar topary geldi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edara binasynda ýurdumyzda 26-njy martda geçiriljek saýlawlara taýýarlyk görmegiň we olary geçirmegiň barşyna baha bermek üçin türkmen paýtagtyna gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar hem-de adam hukuklary boýunça býurosynyň toparynyň agzalary bilen duşuşyk geçirildi.

Myhmanlar merkezi saýlaw topary tarapyndan bellenilen meýilnama, saýlaw okruglarynyň we uçastoklarynyň sanawy, resminamalaryň nusgalary hem-de ýerlerde geçirilen işler bilen tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, saýlawlaryň öň ýanyndaky çäreleriň ilkinji iki tapgyry — dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak işleri Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda geçirildi. Umumy ykrar edilen halkara kadalary hasaba almak bilen, giň bäsdeşlik esasynda guralýan demokratik saýlawlary geçirmek üçin binýat goýuldy.

Merkezi saýlaw toparynyň wekilleri Türkmenistanyň özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny beýan etmek bilen, aýanlyk we açyklyk ýagdaýynda geçirilýän saýlawlaryň çäreleriniň ähli tapgyrlaryna gözegçilik etmek üçin zerur şertleriň dörediljekdigine ynandyrdylar.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edara binasynda guralan duşuşygyň barşynda ÝHHG-niň toparynyň agzalaryna degişli şahadatnamalar gowşuryldy.

Toparyň agzalarynyň ýurdumyzda bolmagynyň maksatnamasynda birnäçe ministrliklerde hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda duşuşyklar meýilleşdirildi.

Ýene-de okaň

Fransiýanyň ýygyndysy dünýä çempionatlarynda 150 gol geçiren 4-nji topar boldy

Daşoguzda pagta egriji fabriginde täze önümçilik desgasy açyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidenti bilen duşuşdy