JEMGYÝET

Türkmenistan Eýrana ynsanperwerlik kömegini iberdi

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, şu gün goňşy Eýran halkyna, ilkinji nobatda bolsa çagalaryna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ynsanperwerlik ýüki iberildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleriň hem-de beýleki önümleriň ynsanperwerlik hökmünde ugradylmagy türkmen halkynyň taryhyň dowamynda döreden nusgalyk ýagşy dessurlarynyň, asylly ýörelgeleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowam etdirilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.  Gaznanyň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşiniň agzalary goňşy ýurduň çagalaryna niýetlenilen ynsanperwer kömegiň ähmiýetini bellediler. Şeýle-de olar goňşy ýurda iberilýän ynsanperwerlik ýükleriniň ýolunyň ak bolmagyny, olaryň sag-aman baryp gowuşmagyny Beýik Biribardan dileg etdiler.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Derýageldi Orazow Şäherleriň Bütindünýä Forumy üçin Azerbaýjana bardy

Özbegistanda ýeňiji bolan türkmen atşynaslaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Beýik Britaniýada saparda bolýar

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Hökümet Baştutanlary bilen duşuşar

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi