DÜNÝÄ

Azerbaýjan Prezidentiň tabşyrygy esasynda Eýrana ynsanperwer kömegini iberdi

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Alyýew bilen Eýranyň Prezidenti Mesud Pezeşkianyň arasynda 2026-njy ýylyň 8-nji martynda bolan telefon söhbetdeşligine esaslanyp, goňşy we dostlukly eýran halkynyň häzirki zerurlyklaryny üpjün etmek maksady bilen Eýrana ynsanperwer kömegi iberildi.

“Report” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Azerbaýjanyň Prezidentiniň tabşyrygy esasynda Azerbaýjan Respublikasynyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň awtoulaglary arkaly Eýrana iberilen ynsanperwer kömeginiň düzüminde 10 tonna un, 6 tonna tüwi, 2,4 tonna gant, 4 tonnadan gowrak agyz suwy, takmynan 600 kg çaý, şeýle hem 2 tonna golaý derman we lukmançylyk serişdeleri bar.

Related posts

Türkmenistan bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça teklipler

Ata Watan Eserleri

Türkiýede Magtymguly Pyraga bagyşlanan konsert geçiriler

ABŞ-ly general Maýkl Kurilla bilen duşuşyk