DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça teklipler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümi bolan Halkara Zähmet Guramasy bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Däp bolan özara hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe degişli teklipler hödürlenildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleriň 2024-2025-nji ýyllar üçin «Ýol kartasy» işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, bu “Ýol kartasynyň” we onda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilmegine ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagy teklip edilýär.

Şeýle hem şu ýylyň 3 — 14-nji iýuny aralygynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde Halkara Zähmet Guramasynyň Halkara zähmet maslahatynyň 112-nji mejlisiniň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi habar berildi. HZG-niň Baş direktory Türkmenistanyň wekiliýetini bu mejlise gatnaşmaga çagyrdy. Şunuň bilen baglylykda, Ženewa şäherine saparyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýetiniň Halkara Zähmet Guramasynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen duşuşyklarynyň guralmagy maksadalaýyk hasaplanýar. Mundan başga-da, 2024-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, şu ýylyň 14 — 17-nji maýy aralygynda Halkara Zähmet Guramasynyň halkara zähmet kadalary boýunça hünärmenleriniň Türkmenistana saparyny guramak teklip edilýär.

Ýene-de okaň

Türkmen we iňlis nakyllary Kindle görnüşinde çap edildi

Azerbaýjan Ukraina awtobuslary berdi we 45 million dollar möçberinde kömek etdi

Türkmen bedewiniň milli baýramy: döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyjy» atly ýubileý medaly dörediler

Türkmenistan Maldiwlere we Bruneý-Darussalama ilçi bellär

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy