Türkmenistan Eýrandaky Russivanyň raýatlaryny öz ýurduna dolanmagy üçin goşmaça serhet geçiriş nokatlaryny açdy. Bu barada Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy habar berdi.
“Russiýanyň raýatlaryny öz ýurduna dolanmagyny üpjün etmek üçin Türkmenistan bilen serhetdäki ýene-de dört sany serhet geçiriş nokadynyň bellenen tertibe laýyklykda işini dowam etdirýändigi barada maglumat alyndy: “Artyk – Lýufabat”, “Howdan – Bajygyran”, ‘”kýaýla – Inçeburun”, “Altyn Asyr – Inçeburun'”, — diýlip habarda bellenilýär.
Diplomatik edaranyň bellemegine görä, gürrüň guramaçylykly ynsanperwer geçelge barada gidýändigi sebäpli, serhetden geçmek diňe maglumatlar Russiýanyň Eýrandaky ilçihanasyna iberilenden soň mümkindir. Ähli bäş sany geçiriş nokady üçin hereketleriň tertibi we talaplary birdir diýlip, habarda aýdylýar.
Şeýle hem Ýakyn Gündogarda ýagdaýyň ýitileşmeginiň netijesinde Türkmenistan sebitiň ynsanperwer geçelge wezipesini ýerine ýetirmegini dowam etdirýär. 3-nji martda Koreýa Respublikasynyň 23 raýatyndan ybarat topar, şol sanda tanymal türgenler, eýran-türkmen serhedinden geçip, Aşgabada geldi.
Koreýa Respublikasynyň diplomatik edarasy tarapyndan guralan bu işler netijeli amala aşyryldy. Türkmenistana gelenleriň arasynda koreý sportunyň görnükli şahsyýetleri bar: Eýranyň zenanlar woleýbol ýygyndysynyň baş tälimçisi Li Do Hi we professional liganyň futbolçysy Li Ki Je.
Russiýanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we Günorta Koreýanyň raýatlarynyň Eýrandan Türkmenistanyň üsti bilen üstünlikli çykmagy baradaky habarlar Türkmenistanyň serhet we migrasiýa gulluklarynyň işiniň netijeliligini tassyklaýar.
