DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen BAE demirýol pudagynda strategik hyzmatdaşlygy ösdürýär

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki ilçisi Baýram Baýramow 2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda “Etihad Rail” kompaniýasynyň halkara gatnaşyklary boýunça ýerine ýetiriji direktory Tarik Al-Falahi bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda bilelikdäki infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň BAE-däki Ilçihanasynyň habar bermegine görä, bu taslamalar Merkezi we Günorta Aziýanyň ulag baglanyşygyny berkitmäge gönükdirilendir.

Duşuşyga gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň strategiki häsiýetini nygtap, tehniki özara gatnaşyklaryň utgaşdyrylmagyny, şeýle hem geljekki hyzmatdaşlyk boýunça geljegi uly “ýol kartalarynyň” taýýarlanylmagyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar Türkmenistanyň we BAE-niň demir ýol edaralarynyň arasynda 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Abu-Dabide geçirilen “Global Rail 2025” halkara sergisiniň çäklerinde gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky memorandumyň ýerine ýetirilmegine aýratyn üns berdiler. Duşuşygyň netijeleri boýunça bilermenler derejesinde geňeşmeleri dowam etdirmäge taýýarlyk tassyklanyldy.

“Etihad Rail” — Birleşen Arap Emirlikleriniň milli demir ýol taslamasy bolup, ýurduň ähli ýedi emirligini birleşdirýän hem-de döwletiň çäklerinden daşary çykýan döwrebap, durnukly we ýokary netijeli ulag ulgamyny döretmäge gönükdirilendir.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Täjigistana sapary

Russiýanyň raýatlary Türkmenistanyň çägi arkaly Eýrandan çykdylar

HGI-de gysga möhletleýin okuwy tamamlan diňleýjilere ýörite şahadatnamalar gowşuryldy

Türkmenistan bilen Russiýa migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkmenistan halkara ulag gatnawlarynda sürüjileriň iş we dynç alyş düzgünleriniň gözegçiligini kämilleşdirer

Türkmenistanyň IRENA-nyň ýanyndaky Hemişelik wekiliniň akkreditasiýasy