Paýtagtymyzdaky «Aşgabat» kinoteatrynda dabaraly maslahat geçirildi. Ol Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna surata düşürilen «Kompozitor» atly filmiň ýakynda TÜRKSOÝ halkara guramasynyň ýörite baýraklaryna mynasyp bolmagyna bagyşlandy.
Esasy dabara başlanmazdan öňürti, oňa gatnaşyjylar kinoteatryň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar. Sergi ýurdumyzyň kino sungatynyň taryhyna we ösüşine bagyşlanypdyr. Kino sungatynyň jadylaýjy güýjüniň tomaşaçylara uly täsir edýändigi üçin kino eserlerini döretmekde ulanylýan dürli tehniki serişdeler, şol sanda dürli döwürlerde ulanylan kinokameralar, ýagtylandyryjylar we beýleki abzallardyr serişdeler sergini synlanlaryň hemmesiniň ünsüni çekdi.


Hormatly Prezidentimiziň ýakyndan berýän goldaw-hemaýatlary netijesinde, şu ýylyň 15–18-nji fewraly aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde Türkmenistanyň kino günleri geçirildi. Köpöwüşginli çärelere beslenen kino günleri şanly ýylymyzyň möhüm medeni wakalarynyň biri boldy we hakyky sungat baýramçylygyna öwrüldi.
Bellenilip geçilişi ýaly, 17-nji fewralda, Türkiýede Türkmenistanyň kino günleriniň çäklerinde Ankaranyň Ýaşar Kemal adyndaky medeni merkezinde «Kompozitor» atly türkmen çeper filminiň görkezilişi guraldy. Soňra bu ajaýyp film üçin TÜRKSOÝ-yň halkara baýraklarynyň ikisigowşuryldy, ýagny filmiň surata düşürilmegine ýakyndan goldaw beren Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna TÜRKSOÝ-yň «Goşa ganatly uly laçyn» atly ýörite sylagy gowşuryldy, şeýle-de filmi saz bilen bezändigi üçin kompozitor Kerim Berdimuhamedow«Ganatly altyn bedew» atly ýörite sylag bilen sylaglandy.Munuň özi hemmämizi buýsandyran hoş habar boldy we milli kino sungatymyzdaky bu halkara üstünlik aýratyn guwandyryjy waka öwrüldi diýip, çykyş edenler guwanç bilen nygtadylar.
Çykyşlarda filmiň nobatdaky halkara sylaglarynyň aýratynlyklary barada durlup geçilip, milli kinematografiýamyzyň ösüşine uly goşant bolan bu çeper film üçin kompozitor Kerim Berdimuhamedowyň «Ganatly altyn bedew» atly ýörite sylag bilen sylaglanmagynyň ýurdumyzyň kino sungatynda şatlykly wakadygy, bu ýörite sylagyň TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan ilkinji gezek gowşurylyp, filmiň sazlarynyň onuň çeperçilik gymmatlygyny artdyrandygyny alamatlandyrýandygy bellenildi.
Türkmen kino sungatyny ösdürmek, dünýä jemgyýetçiligini türki halklaryň medeniýeti bilen ýakyndan tanyşdyrmak işine, şeýle hem häzirki zaman kino sungatynyň hemmetaraplaýyn ýaýbaňlandyrylmagyna goşýan goşandy nazara alnyp, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna «Goşa ganatly uly laçyn» atly ýörite sylagyň gowşurylmagy hem örän ähmiýetlidir. Bu bolsa Gaznanyň alyp barýan asylly işleriniň halkara derejede ykrar edilýändiginiň nobatdaky aýdyň mysalydyr diýip, çykyş edenler aýtdylar.
Ýeri gelende bellenilip geçilse, mälim bolşy ýaly, «Kompozitor» filmi 2024-nji ýylda «Gorkut Ata» atly ýurdumyzda geçirilen 4-nji halkara kinofestiwalynda «Eminleriň ýörite baýragyna», «Iň gowy zenan keşbi baýragyna», 2025-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen Kinematografiýa sungatynyň Ýewraziýa akademiýasynyň «Göwher kebelek» atly açyk Ýewraziýa kino baýragynda «Iň gowy suratkeş» ugry boýunça baýraklara mynasyp boldy.
