MEDENIÝET

Teýlor Swift Elwis Presliniň rekordyny täzeledi

Ilkinji alty albomynyň awtorlyk hukuklaryny ýitirenden soň albomlaryny täzeden ýazgy eden meşhur aýdymçy Teýlor Swift “1989 – Teýloryň wersiýasy” ýazgysy bilen ýene-de bir rekordyň eýesi boldy. Ol aýdym-sazyň rok görnüşiniň şasy Elwis Presliniň “iň uzak wagtlap 1-nji ýerde galan aýdymçy” rekordyny täzeledi.

“Eras Tour” aýdym sapary bilen rekord derejede girdeji gazanan Teýlor Swift “Time” žurnaly tarapyndan “Ýylyň adamy” baýragyna mynasyp boldy.

Meşhur zenan aýdymçy “1989 – Teýloryň wersiýasy” ýazgysy bilen 67 hepde iň köp gyzyklanma bildirilen aýdym-saz sanawynda 1-nji orunda galmagy başardy we Elwis Presliniň rekordyna şärik boldy.

Şeýle hem ol “Eras Tour” aýdym sapary bilen rekord derejede girdeji gazanyp, Ginnesiň rekordlar kitabyna hem girmegi başarypdy.

Related posts

Türkmen kinematografiýaçylary Magtymguly Pyragy barada filmleri surata düşürip başladylar

Magtymgula bagyşlanan dokumental film gyrgyz teleýaýlymlarynda görkeziler

Maý aýy medeni we halkara çärelere baý bolar