Tailand Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Tailandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Kuala-Lumpur ş.) M.Maşalow bilen Tailandyň Daşary işler ministri Sihasak Phuangketkeonyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de ony mundan beýläk ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.
Hususan-da, iki döwletiň arasynda ýokary derejedäki saparlary işjeňleşdirmegiň zerurlygy bellenildi. Taraplar iki tarapa hem kabul ederlikli boljak ikitaraplaýyn hökümetara hyzmatdaşlyk mehanizmini döretmek meselesini öwrenmäge gyzyklanma bildirdiler. Şeýle hem, şu ýylyň dowamynda Bangkok şäherinde Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde ikitaraplaýyn geňeşmeleri geçirmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu geňeşmeleriň maksady hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini toplumlaýyn ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.
Aýratyn nygtalyşy ýaly, Onuň Alyhezreti Tailandyň Patyşasy Türkmenistana sapar bilen gelmäge isleg bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy ýokarda agzalan sapary guramaçylyk we protokol taýdan durmuşa geçirmek boýunça bilelikde degişli işleri alyp barmaga taýýardygyny tassyklady.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek maksady bilen iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary saklamak barada ylalaşdylar.
