BIZNES

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Tailandyň Söwda palatasynyň baş edarasynda Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky Ilçisi (rezidensiýasy Kuala-Lumpur şäherinde) M.Maşalow bilen Söwda palatasynyň wise-prezidenti Suparek Çomçanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň işi barada gysgaça maglumat berdi. Onuň esasy ugurlarynyň hatarynda telekeçiligi ösdürmek üçin amatly şertleri döretmek, döwlet edaralary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle hem milli harytlary we hyzmatlary daşary bazarlara çykarmak ýaly meseleler görkezildi.

Şeýle hem, edaranyň milli öndürijilerini we eksportçylaryny halkara bazarlara çykarmakda işjeň goldaw berýändigi, Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda halkara maslahatlary we sergileri guramakda işjeň çykyş edýändigi nygtaldy.

Tailand tarapy Ilçini wezipä bellenilmegi mynasybetli gutlap, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny beýan etdi.

Related posts

Çin’in enerji devi CNPC, Aşkabat-2017 Oyunları’nın resmi sponsoru

vepa

Türkmenistanyň Deňiz söwda floty 2 million 064 tonna ýük daşady

Afrikanyň iň uly aeroporty gurlar