BIZNES

Türkmenistan-Azerbaýjan-Özbegistan-Gruziýa ulag hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Orta geçelge boýunça sanlylaşdyrma, ýük daşamalarynyň ösdürilmegi we geçelgäniň ýagdaýyny seljermek meselelerini öz içine alýan teswirnama gol çekildi.

«Report» neşiri «Azerbaýjan Demirýollary» ÝGP-e salgylanyp habar bermegine görä, Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde «Azerbaýjan Demirýollary» ÝGP-niň başlygy Röwşen Rüstemow, Türkmenistanyň demirýol ulag ministri Mämmet Akmämmedow, «Özbegistan demirýollary» paýdarlar jemgyýetiniň dolandyryş geňeşiniň başlygy Zufar Narzullaýew we «Gruziýa demirýollary» paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Laşa Abaşidze gatnaşmagynda dört taraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda sebitiň esasy üstaşyr ugurlarynyň biri bolan Orta geçelgäniň çäginde hem, demirýol ulgamy boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem Orta geçelgäniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, bu ugur boýunça daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmak baradaky meseleler boýunça pikir alşyldy; ýük daşamalarynyň has çalt amala aşyrylmagy nukdaýnazaryndan operasiýalaryň sanlylaşdyrylmagynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Geçen ýylyň awgust aýynda Türkmenbaşy şäherinde Azerbaýjan Respublikasynyň Sanly ösüş we ulag ministrligi, Türkmenistanyň demirýol ulag ministrligi hem-de Özbegistan Respublikasynyň ulag ministrligi arasynda ulag-logistika hyzmatdaşlygy babatda gol çekilen Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň hyzmatdaşlygy giňeltmäge möhüm goşant goşýandygy hem bellenildi.

Dört taraplaýyn duşuşygyň jemleri boýunça teswirnama gol çekildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler