JEMGYÝET

Türkmenistanyň Halkara atçylyk akademiýasy bilen Kataryň Atçylyk federasiýasynyň arasynda ähtnama gol çekildi

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen Kataryň Atçylyk federasiýasynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy täze tapgyra çykarmak üçin taryhy ädim ädildi.

2026-njy ýylyň 29-31-nji ýanwary aralygynda Katar döwletiniň Atçylyk federasiýasynyň çakylygy boýunça Akademiýanyň rektory we wekiliýetiniň bu ýurda amala aşyran iş saparynyň dowamynda «Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen Kataryň Atçylyk federasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama» dabaraly ýagdaýda gol çekildi.

2026-njy ýylyň 30-njy ýanwarynda geçirilen we Katar atçylyk federasiýasynyň Prezidenti Bader Mohammed Al Darwişiň, Kataryň Emiriniň “Al Shaqab” atçylyk toplumynyň ýerine ýetiriji başlygynyň orunbasary Halid Abdullah al-Hatmiň hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň Halk atşynasy Pygy Baýramdurdyýewiň gatnaşmagynda bolup geçen duşuşykda gol çekilen bu resminama iki ýurduň arasyndaky ylym, bilim, innowasiýa we atçylyk sporty ugrundaky gatnaşyklaryň hukuk binýadyny has-da berkitdi.

Bu Ähtnama iki tarapyň arasynda tejribe alyşmak we atçylyk pudagy üçin döwrebap hünärmenleri taýýarlamakda täze mümkinçilikleri açyp, Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň has-da ösmegine uly itergi berer.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy