Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen Katar Döwletiniň Doha ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň rektory Salem Nasser Al Naeminiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi. Doha ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň wekiliýetiniň Türkmenistana sapary iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda bilim hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmaga gönükdirilen möhüm waka hökmünde ähmiýetlidir.
Saparyň dowamynda «Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty bilen Katar Döwletiniň Doha ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň arasynda ylmy we akademiki hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama» dabaraly ýagdaýda gol çekildi. Gol çekilen bu resminama taraplaryň arasynda bilelikdäki ylmy-barlag işlerini alyp barmaga, professor-mugallymlaryň we talyplaryň tejribe alyş-çalyşyny guramaga, şeýle hem häzirki zaman tehnologiýalary boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge hukuk binýadyny döredýär.
Şeýle hem, Katar wekiliýetiniň saparynyň çäginde Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektorlary bilen duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň dowamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň anyk ugurlary boýunça teklipler Katar tarapyna hödürlenildi. Hususan-da, sanly tehnologiýalar, inženerçilik ugurlary, maglumat howpsuzlygy we innowasion bilim maksatnamalary boýunça bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak meselesine aýratyn üns berildi.
Katar tarapy türkmen tarapyndan öňe sürlen teklipleri uly gyzyklanma bilen kabul edip, olary durmuşa geçirmäge doly taýýardygyny mälim etdi. Bu bolsa iki ýurduň bilim edaralarynyň arasynda uzak möhletleýin we netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýuljakdygynyň aýdyň subutnamasy boldy.
Ýeri gelende belläp geçsek, Doha ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň wekiliýetiniň bu gezekki sapary 2024-nji ýylda Türkmenistanyň Bilim ministriniň ýolbaşçylygyndaky ýokary okuw mekdepleriniň 3-siniň rektorlaryndan ybarat türkmen wekiliýetiniň Katar Döwletiniň Doha şäherine amala aşyran resmi saparynyň logiki dowamy bolup, öň gazanylan ylalaşyklaryň häzirki wagtda anyk amaly ädimlere öwrülýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
