SPORT

Gurban Berdiýew türkmen hüjümçisini synagdan geçirýär

Azerbaýjanyň «Turan-Towuz» futbol kluby düzümine täze hüjümçi goşmagy meýilleşdirýär. “Azerisport.com” neşiriniň habar bermegine görä, gürrüň Türkmenistanyň «Altyn Asyr» klubynyň hüjümçisi Wahyt Orazsahadow barada barýar.

Häzirki wagtda 33 ýaşly türkmen futbolçy Gurban Berdiýewiň toparynyň okuw-türgenleşine gatnaşýar. Ýakyn günlerde Orazsahadow bilen şertnama baglaşylyp-baglaşylmajakdygy belli bolar.

Ozal türkmen hüjümçi Azerbaýjanda hem çykyş edip, «Sabail» klubynda oýnapdy. Şeýle-de ol Russiýanyň «Rostow», «Rubin» we «Neftehimik» klublarynda, Gazagystanyň «Turan» klubynda, Täjigistanyň «Istiglol» toparynda we beýleki birnäçe klublarda oýnamak tejribesine eýedir.

Related posts

“Awstraliýa Açyk”: Nadal 21-nji derejesini gazandy

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň baý adamy futbol pudagyna girýär

Lionel Messi – XXI asyryň futbolçysy