Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýene bir täze ýyly öz şygary bilen, beýik maksatlarymyza badalga berip, myratly menzillere sary atardy. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip, atlandyrylan 2026-njy ýyl eziz Watanymyzyň okgunly ösüşinde möhüm sepgit bolup, üstünliklerimiziň üznüksiz zynjyryna dowamat, agzybir halkymyzyň döredijilik ruhuna täze joşgun berdi. Gündogar müçenamasy boýunça 2026-njy ýylyň ýylky — bedew nyşanynyň astynda geçmegi bilen baglanyşykly täze şygar ýylboýy ýurdumyzdaky maksatnamalaýyn işleriň mazmunyna özboluşly many çaýdy.
Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy dünýä derejesinde bellenilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda bolup geçen möhüm wakalar, durmuş hem-de önümçilik maksatly desgalaryň açylyş we düýbüni tutmak dabaralary Watanymyzyň bedew bady bilen okgunly ösýändigini aýdyň görkezýär. Gadam basylan 2026-njy ýylyň şygarynyň ganatly bedewlerimiz bilen baglanyşdyrylmagy ildeşlerimizi täze maksatlara we zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Bellenilişi ýaly, her ýylyň ady döwletli Diýarymyzyň taryhy tutumlary, halkymyzyň beýik maksatlary, hormatly Prezidentimiziň netijeli alyp barýan içeri hem-de daşary syýasaty bilen berk baglanyşyklydyr.
Geçen ýyl ýurdumyz üçin ösüşlere baý ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzyň sebitlerinde täze etraplar döredildi, döwrebap mekdepler, çagalar baglary, saglygy goraýyş, medeni-durmuş maksatly desgalar açylyp ulanmaga berildi. Bagtyýar maşgalalaryň köp sanlysy täze jaý toýlaryny toýladylar. Şolaryň hatarynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda Döwletli mekan, Kaka etrabynda Bagtly zamana atly täze, döwrebap obalaryň, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda häzirki zaman Bitaraplyk şäherçesiniň açylyş dabaralary aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Munuň özi şanly ýylda rejelenen görnüşi kabul edilen «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
2026-njy ýylyň şygarynyň bedew bady bilen baglanyşdyrylmagy aýratyn many-mazmuna eýedir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda biri-biri bilen utgaşyp gelýän şanly ýyllar Watanymyzyň rowaçlygynyň, halkymyzyň döwletliliginiň nyşanydyr. 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi halkymyzyň bedew ata üstünlige ýetmegiň nusgasy hökmünde garaýandygyny ýene bir gezek tassyklaýar. Bu ýylda Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy giňden baýram ediler.
Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew» hem-de «Atda wepa-da bar, sapa-da» ýaly gymmatly eserleri halkymyz üçin bahasyna ýetip bolmajak ruhy baýlykdyr. Türkmen bedewiniň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan bu ajaýyp kitaplar dünýä dolan mirasymyzy geljek nesillere ýetirmekde ylmy we ruhy gollanma bolup hyzmat edýär.
Bedewler ähli döwürlerde-de halkymyzyň durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolupdyr. Bu barada orta asyrlarda ýazylan taryhy-edebi eserlerde gymmatly maglumatlar beýan edilipdir. Mahmyt Kaşgarlynyň türkmen halkynyň taryhyndan söz açýan «Türki dilleriň diwany» atly işinde halk döredijiliginiň iň gadymy nusgalary, ylaýta-da, gadymy oguzlaryň bedew bilen bagly durmuşyny häsiýetlendirýän atalar sözleri we nakyllar toplanypdyr. Ondaky nakyllar türkmen halkynyň bedewler bilen bagly durmuşynyň, urp-adatynyň, däp-dessurlarynyň gadymy döwürlerden gözbaş alýandygynyň güwäsidir.
Ata-babalarymyzyň «At — myrat» diýen pähimi türkmen halkynyň ýaşaýyş pelsepesiniň düýp manysyny açyp görkezýär. Taryhy ýolumyza ser salsak, halkymyzyň gamyşgulak bedewi bilen ykbalynyň birdigini, onuň bilen ýeňişlere ýetendigini aýdyň görýäris. Şu nukdaýnazardan, 2026-njy ýylyň şygaryndaky «bedew batly at-myradyň mekany» düşünjesi döwletimiziň ösüşiniň tizligini, ynamly ädimlerini we belent maksatlara okgunlylygyny alamatlandyrýar. Bu aýratynlyk halkymyzyň milli buýsanjyny, taryhy köklerimize we geljegimize bolan ynamyny şöhlelendirýär.
Türkmen bedewi dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir. Ahalteke bedewleri öz gözelligi, ýyndamlygy we eýesine wepalylygy bilen asyrlaryň dowamynda dünýä halklaryny haýran galdyryp gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletli başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli atçylyk sungatyny ösdürmek döwlet syýasatynyň möhüm ugruna öwrüldi. Ýurdumyzda döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň döredilmegi, türkmen bedewiniň milli baýramynyň ýokary derejede bellenilmegi hem-de gamyşgulak bedewlerimiziň halkara derejesinde sarpalanylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
2026-njy ýylyň şygarynyň milli gymmatlyklarymyzyň biri bolan, halkymyzyň taryhynda, şu gününde, däp-dessurlarynda möhüm orun eýeleýän bedewlerimiz bilen baglanyşykly bolmagy buýsandyryjy ýagdaýdyr. Täze, 2026-njy — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyz milli gymmatlyklarymyzy, ruhy ýörelgelerimizi, buýsançly ösüşlerimizi dabaralandyrmakda täze mümkinçilikleri döreder. Ýagşy umyt-arzuwlar bilen garşy alan täze ýyl, täze üstünlikleriň, bedew batly ösüşleriň, ruhubelentligiň, maksatlaryň myratlara gowuşýan ýyly bolar, uly taryhy wakalaryň döwrüne öwrüler.
Biz täze ýylyň ýurdumyzyň ösüşine täze güýç berjekdigine, geçen ýylda başlanan oňyn başlangyçlaryň 2026-njy ýylda has-da giň gerime eýe boljakdygyna berk ynanýarys. Obalaryň abadanlaşdyrylmagy, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy, ýaş nesliň watançylyk ruhunda terbiýelenilmegi täze ýylyň esasy aýratynlyklaryna öwrüler. Bu şanly ýylda ata Watanymyzyň mundan beýläk-de täze-täze üstünliklere eýe bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Ýagşygeldi Kakaýew we Seýit Bäşimow,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlary.
