DÜNÝÄ

Türkmenistan Türki döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň duşuşygyna gatnaşdy

Astanada Türki döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň (TCCI) 3-nji Baş Assambleýasy geçirildi. Gazagystanyň metbugat neşirleriniň habar bermegine görä, bu çärä milli söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylary, döwlet edaralarynyň wekilleri hem-de türk dünýäsi ýurtlarynyň işewür toparlary gatnaşdy.

Türkmenistan döwletimize Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýolbaşçylyk etdi.

Türki ýurtlarynyň söwda-senagat edaralarynyň birleşigi 2019-njy ýylda döredildi we Türki Döwletleri Guramasyna agza hem-de synçy ýurtlaryň arasynda söwda, senagat, maýa goýum, tehnologik we beýleki ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen halkara meýdança bolup durýar.

Häzirki wagtda Birleşigiň düzümine Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe, Özbegistan, Türkmenistan hem-de Wengriýa girýär.

Assambleýanyň çäklerinde hökümet we halkara düzümleriň wekilleriniň açylyş çykyşlary bilen resmi plenar mejlis, şeýle hem Baş Assambleýanyň ýapyk mejlisi we wekiliýet ýolbaşçylarynyň arasynda B2B duşuşyklary geçirildi.

Mejlisiň dowamynda ilkinji gezek Birleşige başlyklyk Gazagystana geçirildi.

Şu nukdaýnazardan, Assambleýanyň gatnaşyjylary ýakyn döwür üçin hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda senagat kooperasiýasyny we bilelikdäki taslamalary ösdürmek, Türk Maýa Goýum Gaznasynyň gurallaryny işjeňleşdirmek, söwda we tehniki päsgelçilikleri azaltmak, şeýle hem halkara ugurlary we logistika geçelgelerini ösdürmegi öz içine alýan ulag-logistika baglanyşygyny pugtalandyrmak bar.

Gün tertibiniň çäklerinde Birleşigiň ýanynda ýöriteleşdirilen komitetleri döretmek baradaky karar tassyklandy. Olaryň arasynda Logistika komiteti we Ýaş telekeçiler komiteti bar.

Gazagystanyň wise-premýeri, medeniýet we maglumat ministri bilen duşuşyk

Astanada Gazagystan Respublikasynyň wise-premýeri – medeniýet we maglumat ministri Aida Balaýewa bilen Türki döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň wekilleriniň arasynda duşuşyk boldy.

Duşuşyga türki dünýäsi ýurtlarynyň işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda türki dünýäsi döwletleriniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň, şeýle hem gatnaşyjy ýurtlaryň işewür toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň häzirki zaman meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de, türki dilli ýurtlarda syýahatçylygy we syýahatçylyk pudagyny ösdürmek, ulag-logistika ugurlary, senagat kooperasiýasy, sanlylaşdyrma we emeli aňy goşmak bilen innowasion çözgütleri ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar Türki Döwletleri Guramasynyň çäklerinde ykdysady integrasiýany mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga we hyzmatdaş ýurtlar bilen amaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Ýene-de okaň

Täjigistanda ýylyň şygaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Ata Watan Eserleri

Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşadyldy

Türkmenistandan «EKSPO — 2030» sergisine gyzyklanma

Türkmenistanyň wekiliýeti Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdy

Rumyniýanyň döwlet sekretary bilen duşuşyk